Daşoguz welaýat kitaphanasynyň mejlisler jaýynda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy: Beýik ösüşleriň we dabaralanmalaryň ýoly» atly maslahat geçirildi.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy diňe bir taryhy sene bolman, geljege bolan ynamy berkidýän, täze üstünliklere ruhlandyrýan we halkymyzy garaşsyzlygyň hem parahatçylygyň tugunyň astynda jebisleşdirýän baýramdyr. Bu şanly sene mynasybetli dabaraly çäreler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirilmegi halkymyzyň baý däplerini, ruhy gymmatlyklaryny, halkymyzyň agzybirligini we täze sepgitlere ymtylmagyny beýan edýär.
Maslahatda çykyş edenler Garaşsyzlygyň halkymyzyň parahatçylykly, durnukly hem-de abadan durmuşynyň berk binýadydygyny aýratyn belläp geçdiler.
Maslahatyň dowamynda ýurdumyzda okamaga, işlemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.
TSTP