Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň hem-de Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli «Ylym – bilim bagtyýarlygyň hem-de rowaçlygyň gözbaşydyr» atly maslahat duşuşygy geçirildi.
Bilimler we talyp ýaşlar güni –– ýaş nesliň durmuşynda aýratyn ähmiýetli, şatlykly we buýsançly baýramlaryň biridir. Bu gün ylym-bilime ymtylýan, Watanymyzyň ýagty geljegini gurmaga taýyn zehinli we maksada okgunly ýaşlara goýulýan uly ynamyň beýanydyr. Ylym we bilim – jemgyýetiň ösüşiniň, halkyň bagtyýar durmuşynyň, döwletimiziň rowaçlygynyň berk binýadydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, hünär öwrenmegi, öz başarnyklaryny ösdürmegi we döredijilik mümkinçiliklerini açyp görkezmegi üçin giň şertler döredilýär. Täze döwrebap bilim edaralarynyň gurulmagy, okuw otaglarynyň we barlaghanalarynyň häzirki enjamlary bilen üpjün edilmegi ýaşlaryň ýokary derejeli bilim almagyna uly mümkinçilik berilýär. Şeýle şertler ýaş nesliň ylyma bolan höwesini artdyrýar.
Maslahatyň ahyrynda ýurdumyzda ýaşlaryň röwşen geljegi, döwrebap bilim almagy we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur sagbolsun hem-de çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler
TSTP