Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • Garaşsyz Diýaryň beýik üstünlikleri we halkymyzyň buýsanjy

    9-njy...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan milli saglygy goraýyş ulgamy Hormatly Prezidentimiz bilen täze belentliklere göterilýär
    12-nji...

GARAŞSYZLYGYŇ 35 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň guramagynda Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli «35 sowal – 35 jogap» atly bäsleşik geçirildi. Partiýanyň mejlisler jaýynda geçirilen bu çäre ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan beýik üstünliklerini, döwlet nyşanlaryny, taryhyny hem-de baý medeni mirasyny öwrenmäge we giňden wagyz etmäge gönükdirildi.

Bäsleşigiň dowamynda gatnaşyjylar özleriniň taryhy, syýasy hem-de medeni ugurlar boýunça bilimlerini görkezip, berlen sowallara takyk jogaplary berdiler. Şeýle çäreler partiýa agzalarynyň hem-de ýaşlaryň watansöýüjilik ruhuny beýgeltmekde, olaryň döwletlilik ýörelgelerine we milli mirasymyza bolan buýsanjyny artdyrmakda uly ähmiýete eýedir.

Çäräniň soňunda ýurdumyzda milli gymmatlyklarymyzy öwrenmäge we ýaşlary terbiýelemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny beýan etdiler.

TSTP