Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

GARAŞSYZLYGYŇ DÖWLETLI DÄBI

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher we Ahal welaýat komitetleriniň bilelikde gurnamagynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty: Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen, eşretli zamanamyzyň döwletli däbidir» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň milli döwletlilik ýörelgelerimizdäki we jemgyýetçilik agzybirligimizdäki ornuna ýokary baha berdiler. Şeýle hem Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň hususy pudagynyň gazanylan üstünlikler we milliligi berkitmek boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin bellenilip geçildi.

Çäräniň soňunda çärä gatnaşyjylar milli telekeçiligi hemmetaraplaýyn goldaýan hem-de halkymyzyň eşretli durmuşy üçin beýik işleri amala aşyrýan Hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsunlaryny aýtdylar.

TSTP