Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda «Türkmen pamyk» hojalyk jemgyýetinde şeýle-de Telekeçi B.Rawşanowyň «Tudana» haryt nyşanly ýer tudanasyny öndürýän ýyladyşhanasynda zähmet çekýän ilkinji partiýa guramalarynyň agzalarynyň arasynda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini giňden düşündirmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň her bir güni, geljegimiziň has hem nurana, taryhda altyn harplar bilen ýazyljak şanly ýyllaryň aýdyň eşretini görüp ýaşaýarys. Şu günler ýurdumyzyň çar künjeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyklar, onuň durmuşdaky orny barada maslahatlar, söhbetdeşlikler ýokary guramaçylykly geçirilýär. Şeýle hem şundan ugur alyp, Ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri umumymilli forumyň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek, güneşli Diýarymyzy ähli taraplaýyn gülledip ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak bilen bagly teklipleri toplamak işlerini dowam edýärler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komiteti hem hususy pudagyň wekilleriniň arasynda ýygy-ýygydan bolup, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini düşündirmek boýunça birnäçe işleri alyp barýarys.
Şu pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, telekeçilerimiz üçin döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin köp sag bolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işlerinde elmydama rowaçlyklara beslensin!
TSTP