Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň hem-de Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde gurnamagynda, Mary şäherindäki 36-njy orta mekdebiniň mejlisler jaýynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýetini, milli demokratiýanyň kämil nusgasyny, jemgyýetçilik agzybirligini hem-de döwletimiziň galkynyşly ösüşlerini ösüp gelýän ýaş nesle bilim işgärlerine giňden düşündirmekden ybarat boldy.
Halk Maslahatynyň ata-babalarymyzdan gelýän maslahatlaşmak, geňeşmek ýörelgelerini döwrebap kämilleşen ýokary wekilçilikli edara bolup durýandygy nygtaldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurtda amala aşyrylýan beýik özgerdişler, ýaşlar syýasaty we halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar barada aýdyldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan döwletimizi gülledip ösdürýän, halkara abraýyny arşa göterýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!
TSTP