Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda «Lälezar zaman» hususy kärhanasynda zähmet çekýän ilkinji partiýa guramasynyň agzalarynyň arasynda Garaşsyzlygymyzyň gazanan belent sepgitlerini dabaralandyrmak hem-de ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşlerini wagyz etmek maksady bilen maslahat geçirildi.
Çykyş edenler Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan taryhy üstünlikler, milli ykdysadyýetiň kuwwatlanmagy hem-de halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy barada giňişleýin durlyp geçildi. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň halkara giňişlikdäki ornunyň barha artýandygy nygtaldy.Ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, olaryň döredijilik we ylym mümkinçiliklerini doly amala aşyrmaklary üçin döredilýän şertler bellenip geçildi.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzy röwşen geljege sary alyp barýan Hormatly Prezidentimize hem-de Milli Liderimize çäksiz sagbolsunlaryny beýan etdiler.
TSTP