Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda «Täç hil» hususy kärhanasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi
hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda Bitaraplyk syýasatynyň orny» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi mynasyp ösdürilýär. Hemişelik Bitaraplyk syýasaty, dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklary uly many-mazmuna eýedir. Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, sebit we dünýä derejesinde deňhukukly, netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine anyk goşant goşýar. Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly häsiýete eýe bolan strategik gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär.
Türkmenistanyň hyzmatdaşlyk meselelerine döredijilikli çemeleşmesi, ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasy giň halkara ykrarnama we goldawa eýe bolýar. Bitarap döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň esasy edaralarynyň düzümine, esasy maslahat beriji, wekilçilikli guramasy bolan Baş Assambleýanyň sessiýalarynyň wise-başlyklygyna birnäçe gezek saýlanylmagy munuň aýdyň güwäsidir. Şol garaýyşlar döwletimiziň halkara gün tertibiniň esasy ugurlary boýunça doly möçberli we netijeli dialoga, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen bagly möhüm wezipeleriň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga berk ygrarlydygyny nobatdaky gezek subut edýär. Şunda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berilýär.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
TSTP