Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY – ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda, Türkmenabat şäheriniň 33-nji orta mekdebinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly şygar esasynda geçirilýän bir aýlygyň çäklerinde köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek boýunça wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

          Ýol hereketiniň howpsuzlygy diňe bir awtoulag sürüjileri üçin däl, eýsem, pyýadalaryň, ýolagçylaryň we ähli jemgyýetiň ýaşaýyş-durmuşynda möhüm ähmiýete eýedir. Hut şoňa görä-de, her ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk yglan edilýär. Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen orta mekdeplerde, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okuwçylardyr talyplar bilen duşuşyklar, söhbetdeşlikler guralýar. Ýol hereketiniň düzgünlerini doly berjaý etmek diňe bir kanuny talap bolman, eýsem, her bir maşgalanyň abadançylygynyň, jemgyýetimiziň jebisliginiň, sagdynlygyň esasy kepilidir. Şoňa görä-de, bu biraýlygyň çäklerinde alnyp barylýan çäreler geljekde-de giňden dowam etdiriler we ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň derejesi has-da ýokarlandyrylar.

         Çäräniň soňunda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza asuda diýarda parahat ýaşamak, halal zähmet çekmek üçin döredip beren mümkinçiliklerine çäksiz hoşallyk bildirdiler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.  

TSTP