Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AGZYBIRLIGIŇ WE DÖWLETLILIGIŇ AÝDYŇ BEÝANY
    Şu gün...
  • AGZYBIRLIGIŇ –– DÖWLETLILIGIŇ WE ROWAÇLYGYŇ GÖZBAŞY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKA
    Şu gün...
  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY- HALKYMYZY GALKYNDYRÝAR
    Golaýda...
  • GARAŞSYZLYK GÜNI MILLI BAÝRAMLARYMYZYŇ NAÝBAŞYSYDYR
    Şu gün...

AGZYBIRLIGIŇ WE DÖWLETLILIGIŇ AÝDYŇ BEÝANY

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti tarapyndan Mary şäheriniň 39-njy çagalar bagynda «Halk Maslahaty – agzybirligiň we döwletliligiň aýdyň beýany» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Geçirilen wagyz-nesihat çäresi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda tutýan ornuny, onuň taryhy hem-de syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini giň halk köpçüligine düşündirmäge gönükdirilen möhüm çäre boldy. Çärede ata-babalarymyzdan gelýän maslahatlaşmak, agzybirlik we agzybir karara gelmek däpleriniň döwrebap kämilleşdirilişi agzalarymyza ýetirildi. Halk Maslahatynda kabul edilýän kararlaryň, maksatnamalaryň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilýändigini bellenilip geçildi. Bu çäre halkyň we döwletiň arasyndaky berk köprini, birleşdiriji güýç hem-de Beýik Watanyň bähbitleri ugrunda agzybir zähmet çekmäge bolan uly meýilini ýene bir gezek aýdyň görkezdi. Çärä gatnaşyjylar ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakda we milli demokratik ýörelgelerimizi dabaralandyrmakda ugrunda beýik tutumlary üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyklaryny we sagbolsunlaryny beýan etdiler.

TSTP