Her bir işde il-halka geňeşmek parasatly pederlerimiziň asylly ýörelgeleriniň biridir. Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem döwletlilik, kanunylyk we milli demokratik ýörelgelere esaslanmak bilen, şöhratly ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgeleriniň dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Ine, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň mejlisler jaýynda geçirilen duşuşykda hem şular dogrusynda aýratyn durlup geçildi. Bu duşuşyk Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda geçirildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini ilat arasynda wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirilen duşuşyk turuwbaşdan täsirli boldy. Onda bellenilişi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk we hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly baýramlarynyň bellenilýän ýylynda beýik ösüşler bilen nobatdaky Halk Maslahatyna barylmagy döwletimizde milli demokratiýanyň aýdyň ýüze çykmasydyr.
Duşuşyga gatnaşyjylar Watanymyzy gülledip ösdürmek, halkymyzy baky bagtyýarlykda ýaşatmak ugrunda taýsyz tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
TSTP