Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY: DÖWLETIMIZIŇ BERKARARLYGY ILIMIZIŇ AGZYBIRLIGINIŇ NYŞANY

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetniň gurnamagynda birleşmäniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty: Döwletimiziň berkararlygy ilimiziň agzybirliginiň nyşany» atly wagyz - nesihat duşuşygy geçirildi.

Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri möhüm meseleleri bilelikde, şöhratly ata-babalarymyzyň köpasyrlyk däbine daýanyp ara alyp maslahatlaşypdyr we çözüpdir. Häzirki döwürde bu asylly däpler Halk Maslahatynyň işinde öz beýanyny tapýar. Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket edýän halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasydyr. Şu günler ýurdumyzyň çar künjeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyklar, Halk Maslahatynyň durmuşdaky orny barada maslahatlar, söhbetdeşlikler uly ruhubelentlikde geçirilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda kanunlar döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirilip, halk bähbitli, döwlet ähmiýetli çözgütlere aýratyn üns berilýär.

Halkymyzyň bolelin hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun! Tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

TSTP