Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

GEŇEŞLI ILIŇ DÖWLETLI ÝOLY

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň gurnamagynda etrabyň çeper halyçylyk kärhanasynyň mejlisler  jaýynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty: Geňeşli iliň döwletli ýoly» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň, uly möçberli işleriň baş maksady Watanymyzy ösdürmekden hem-de halkymyzyň abadan, bagtly durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr. Durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe gitmekde, jemgyýetçilik-syýasy, medeni-ynsanperwer we kanunçylyk-hukuk ulgamlarynda täze sepgitlere ýetmekde Halk Maslahatyna iňňän uly orun degişlidir.

Döwletimizde öňdebaryjy özgertmeleri geçirmek üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär. Bu özgertmeler, şol sanda Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň mundan beýläk-de demokratiýalaşmagyna, halk häkimiýetiniň pugtalanmagyna,  adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň hemmetaraplaýyn goralmagyna, ýurdumyzyň gülläp ösmegine, raýat jemgyýetiniň kemala gelmegine we ösmegine gönükdirilendir.

Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly pentleri öwüt-ündewleri, milli ýörelgeleri ähli ynsanlar üçin durmuş mekdebidir. Halkymyzyň bähbitlerini ähli zatlardan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli tutumlary nazarlaýan beýik maksatnamalary has-da rowaçlansyn.

TSTP