Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ AZYK SYÝASATY – EŞRETLI DURMUŞYŇ KEPILI

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň mejlisler jaýynda «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň azyk syýasaty – eşretli durmuşyň kepili»  atly maslahat geçirildi.

Ösüşlerden-ösüşlere sary ynamly ädimler bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimizde her bir günümiz toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Halkymyzyň asylly däplerinden ugur alnyp, ýurdumyzda şanly senelerdir baýramçylyklar zähmet ýeňişleri, durmuşyň ähli ulgamlaryndaky üstünlikler bilen garşylanylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň goldaw-hemaýatlaryndan güýç alýan hususy pudagyň wekilleri hem baýramlarymyzy ajaýyp üstünlikler bilen bezeýärler. Toýly günlerde bazarlarymyzyň özümizde öndürilen önümler bilen has-da baýlaşdyrylmagy, şeýle-de milli harytlarymyzyň dünýä bazarlaryna ugradylýan möçberiniň artdyrylmagy hususyýetçilerimiziň döwletimizi ösdürmekde edýän yhlas-aladalarynyň subutnamasy bolup, göwünlerimizi galkyndyrýar. Bu günki gün hususy ulgamda gaýnap joşýan döredijilikli zähmet milli ykdysadyýetimiziň has-da ösdürilmegine oňaýly täsirini ýetirýän esasy görkezijileriň hatarynda durýar. Telekeçilerimiziň dürli ugurlarda toplan baý tejribeleriniň miweleri bolan ýokary hilli önümler dünýä bazarlarynda hem uly islege eýe bolýarlar.

Maslahatda ýurdumyzyň telekeçileri döwlet Baştutanymyza türkmen telekeçileri baradaky yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler we bu pudagyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. 

Maslahat Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri bilen jemlendi.

TSTP