Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň guramagynda telekeçi T.Baýramdurdyýewiň önümçilik kärhanasynda geçirilen «Halk Maslahatynda bellenilen belent sepgitler» atly wagyz-nesihat duşuşygy uly ähmiýete eýe boldy.
Çärede Halk Maslahatynyň taryhy kararlarynyň, çözgütleriniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde hususy pudagyň öňünde durýan ilkinji derejeli wezipeleriň manysy giňden düşündirildi. Kärhananyň hünärmenleri we zähmetkeşleri milli ykdysadyýetimizi berkitmekde, önümçiligiň göwrümini hem-de hilini ýokarlandyrmakda öz üstlerine düşýän borçlary uly höwes bilen berjaý etjekdiklerini bellenilip geçildi. Bu duşuşyk ilkinji partiýa guramasynyň agzalarynyň belent watançylyk duýgusyny, agzybirlik hem-de geljege bolan uly ynamy has-da artdyrdy.
Duşuşygyň soňunda oňa gatnaşyjylar halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, hususy pudagyň ösmegi we önümçilik kärhanalarynyň kämilleşmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän, Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyk bildirip, olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
TSTP