Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

Hormatly Prezidentimiziň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda “Maksatly türkmen” hojalyk jemgyýetinde  Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Döwlet Baştutanymyzyň bu eseri gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegine bagyşlanýar.  

Hormatly Prezidentimiziň  “Änew- müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabyny türkmen halkyna peşgeş bermegi diýseň buýsandyrdy. Kitapda taryhda rysgal-bereketli türkmen topragynyň uly ösüşleri başdan geçirendigini bellenilip, Watanymyzda dünýä belli alymlardyr arheologlaryň halkymyzyň şöhratly geçmişi bilen bagly birnäçe açyşlary edendigine beýan edilýär. Kitabyň girişinde türkmen halkynyň özboluşly taryhy-medeni mirasy, bu ugurda döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda abraýly halkara guramalar we köp sanly beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk barada maglumat berilýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň iri ýöriteleşdirilen düzümi bolan ÝUNESKO, şeýle hem TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesine, gazanylan üstünliklere aýratyn üns çekilýär. Eserde öňe sürülýän garaýyşlar onuň üç bapdan ybarat mazmunynda giňden beýan edilýär. Birnäçe bölümden ybarat  bolup, olardan “Gadymy Änewiň täsinligi” atly bapda kökleri müňýyllyklara uzaýan şäheriň taryhy, binagärlik ýadygärlikleri barada gürrüň berilýär. Şolaryň hatarynda  XV asyrda bina edilen Seýit Jemaleddin ýadygärligi bar. Garaşsyzlyk ýyllarynda geçirilen arheologik barlaglaryň netijesinde, syrçaly mozaikalaryň asyl nusgalary tapyldy we olar gaýtadan dikeldildi. Kitapda Ata-babalarymyzyň häzirki günlerimize çenli gelip ýeten gymmatly mirasy sungat işgärleri üçin egsilmez ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär. Hut şunda hem döwürleriň arasyndaky arabaglanyşyk, nesilleriň dowamatlylygy öz aýdyň beýanyny tapýar. Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimiziň täze edebi eseriniň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde, täze bilimleri öwrenmäge höweslendirmekde, ildeşlerimizi zähmet ýeňişlerine ruhlandyrmakda gymmatly gollanma boljakdygyny belläp, baý milli mirasymyzyň çuňňur öwrenilmegi, dünýäde wagyz edilmegi hem-de geljek nesillere ýetirilmegi babatda edýän taýsyz tagallalary üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

TSTP