Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

TÜRKMENISTAN - BAGTYÝAR ÇAGALARYŇ MEKANY

Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda, Çagalary goramagyň Halkara güni mynasybetli Lebap Söwda we dynç alyş merkeziniň çagalar meýdançasynda Lebap welaýatynyň saglygy dikeldiş we okuw-terbiýeçilik toplumynda bejergi alýan körpeje nesilleriň gatnaşmagynda, «Türkmenistan – bagtyýar çagalaryň mekany» atly baýramçylyk çäresi geçirildi. 

Geçirilen çärede asuda asmanly diýarymyzda abadan  durmuşda ýaşaýan şadyýan çagalar, Lebap Söwda we dynç alyş merkeziniň çagalar meýdançasynda wagtlaryny hoş geçirdiler.

Çäräniň ahyrynda çärä gatnaşan körpeje nesillerimiz we toplumyň agzybir işgärleri körpeje nesillerimiz üçin döredilip berlen uly mümkinçiliklere özleriniň çäksiz minnetdarlygyny bildirdiler. 

Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özlerine edilýän atalyk aladalary üçin alkyş sözlerini aýtdylar. Olaryň janlarynyň sag, başlarynyň dik, il-ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläk hem rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP