Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda «Paýhasly dostlar» hususy kärhanasynda zähmet çekýän ilkinji partiýa guramasynyň agzalarynyň arasynda «Ýurdumyzyň dostluk we birek-birege ynanyşmak gatnaşyklary ösdürilýär» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de oňyn bitaraplyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän ýurdumyz sebitleýin we ählumumy möçberdäki işjeň gatnaşyklaryň berkidilmegini ugur edinýär we ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berilýär. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri, Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň parahatçylyk söýüji syýasatynda, ilatyň ýaşaýyş şertleriniň yzygiderli ýokarlanmagynda, ýurduň çalt depginlerde ösmeginde, demokratik we ynsanperwer gymmatlyklarynyň esasynda dünýä jemgyýetçiliginiň durmuşyna ikitaraplaýyn amatly hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde işjeň gatnaşmagynda aýdyň ýüze çykýar.
Ýurdymyzy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda uly tagallalary edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
TSTP