Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar gurmasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi bilen bilelikde gurnamagynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli maslahat geçirildi.
Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň öňden görüjilikli pähim-paýhasy bilen ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Mähriban Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, daşky gurşawa aýawly garamak, bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmek häzirki we geljekki nesilleriň abadan durmuşda ýaşamagy hem-de saglygy baradaky alada bilen berk baglanyşyklydyr. Çünki ynsanyň ömri, örki, ykbaly tebigat bilen sazlaşykda bolýar. Halkymyzyň şöhratly geçmişi, ösüşli şu güni, aýdyň ertiri hem Watanymyzyň täsin tebigaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ekologiýa syýasatyny bütin dünýä ykrar edýär. Ekologiýa abadançylygy – durnukly ösüş konsepsiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Durnukly ösüş maksatlarynda ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezilýär. Ýurdumyzda ekologik bilime we terbiýä möhüm ähmiýet berilmegi ýaş nesliň bu ugurda sowatly, daşky gurşawy goramaga mynasyp goşandyny goşup biljek adamlar bolup ýetişmegi üçin döwlet tarapyndan ähli şertleriň döredilýändigini alamatlandyrýar. Ýurdumyzy gülletmek, ony bagy-bossanlyga öwürmek Watana, ene topraga söýgi bilen baglanyşykly bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň saýasynda Eziz Türkmenistan döwletimiz bagy-bossanlyga öwrülýär. Ýurdumyzyň ekologik howpsuzlygyny üpjün etmek adamyň ýaşaýşyny we saglygyny goramagynyň esasy kepili bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gök zolaklary döretmek watanymyzyň ösdürilmegine halkymyzyň eşretli durmuşy üçin amatly şertleriň döredilmegi üçin uly tagallalar edilýär diýip belläp geçdiler şeýle hem halkymyzyň eşretli durmuşy üçin ähli amatly şertleri döredip berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar.
TSTP