Halkymyzda ene mähremligine aýratyn hormat goýup, ony mukaddeslige deňemek ajaýyp ýörelgelerimize siňip gidipdir. Eziz Watanymyzda bagtyýar geljegini kepillendirýän nesli ösdürip ýetişdirmekde mähriban enelerimiziň bitirýän çäksiz hyzmatlaryna uly hormat goýulýar. Zenana, enä hormat milli medeniýetimiziň süňňüne siňip galandyr. Biziň eýýamymyzdan öňki 6-5-nji müňýyllyklar bilen sepleşýän Jeýtun, Änew, bürünç döwürlerine degişli (b.e. öňki III-II müňýyllyklar) Altyndepe medeniýetiniň täsin tapyndylarynyň üsti bilen, gadymy türkmen jemgyýetiniň ykdysady, medeni derejesini, zenan maşgalalaryň durmuşdaky ornuny kesgitlemek mümkin. Gadymyýetden galan zenan şaý-sepleriniň asyrlarboýy kämilleşen görnüşleri biziň günlerimize-de gelip ýetipdir. Altyndepe taryhy ýadygärliginden tapylan aýal monjuklarynyň altyndan, lazuritden, pöwrize daşyndan ýasalmagy örän täsindir. Munuň özi türkmen halkynda zenan bezeg şaý-seplerine uly üns berlendigini görkezýär.
Halkymyzyň baý taryhyna göz aýlanymyzda, türkmen zenanlarynyň mertebesine, beýik ykbalyna buýsanýarsyň. Togrul begiň aýaly Altynjan hatyn il-gününe hemaýat eden gaýratly zenan hökmünde taryha girendir. On birinji asyryň ahyrlarynda, on ikinji asyryň başlarynda ýaşap geçen Seljuk türkmenleriniň soltany Soltan Sanjaryň aýaly Türkan hatyn ýanýoldaşyna döwleti dolandyrmakda, ýurduň medeniýetini ösdürmekde ýakyndan ýardam beripdir. Asyllylygy, parasatlylygy, söze çeperligi bilen uly hormata mynasyp bolan Mähesti şahyr, on bäşinji asyrda ýaşap geçen Mähri hatyn ýaly ajaýyp zenanlarymyz edebiýatda mynasyp yz galdyrypdyrlar. Taryhdaky beýik şahsyýet Jelaletdin Meňburuna terbiýe beren ejesi Aýjäjegiň, belli bir döwürde döwleti dolandyran Tumaryň, Zerinaýyň, we ýene-de ençeme zenanlaryň taryhyň dürli döwürlerinde, durmuşyň dürli ugurlarynda öňe çykyp, jemgyýetçilik gatnaşyklarynda uly orny eýeländikleri bellidir.
Türkmen zenanynyň ojagyna wepaly, gerek bolsa eline ýarag alyp, mähriban topragyny goramaga taýýar, beýik mertebelidikleri baradaky rowaýatlar hem dilden-dile, nesilden-nesle geçip gelipdir. Tumar şanyň, Burla hatynyň gahrymançylyga beslenen ykballary nesiller üçin baky nusga bolup galypdyr. Halk öz milli häsiýetini, ýörelgelerini asyrlar boýy terbiýeläp, diňe kämil gymmatlyklary nesillere geçirýär. Halk arasynda «Edep altyndan gymmat» diýilýär. Edep-tertip aňdaky, ýürekdäki medeniýetden gözbaş alýar. Enelerimiziň asylly gylyk-häsiýetlerinden gözbaş alyp gaýdýan edep-terbiýe mekdebi örän baýdyr.
Maşgala bagtyýarlygynyň esasy gönezligi döwlet tarapyndan ene we çaga barada edilýän aladalaryň netijesi bolup durýar. Türkmenistanyň «Durmuş üpjünçiligi hakyndaky» Kodeksine laýyklykda, zenanlara maksada gönükdirilen maddy goldaw berilýär. Kodeksde göwrelilik we çaga dogranlygy, çaga ideg etmek üçin döwlet kömek pullary bellenilýär. Maşgala berilýän şeýle we beýleki ýeňillikler köp çagany terbiýeläp ýetişdirmekde uly goldaw bolup durýar. Ýurdumyzda sekiz we ondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren enelere «Ene mähri» diýen hormatly adyň berilmegi olara goýulýan hormatyň uludygyny görkezýär. Eziz Diýarymyzda zenanlar ýokary jemgyýetçilik-syýasy derejä eýedirler. Olaryň hukuklary we azatlyklary döwlet tarapyndan ygtybarly derejede üpjün edilýär. Şeýle uly hormatyň eýesi bolan gelin - gyzlarymyza bagyşlanyp her ýyl ýurdumyzda Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaraly ýagdaýda baýramçylyk çäresi bellenilip geçilýär. Şeýle baýramçylyklaryň biri-de şu ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň guramagynda Aşgabat dokma toplumynda ,,Taryhda yz galdyran türkmen zenanlary,, atly geçirilen baýramçylyk çäresidir. Geçirilen baýramçylyk çäresinde ,,Aşgabat dokma toplumynda,, zähmet çekýän gelin-gyzlara Halkara zenanlar güni mynasybetli gutlag sözleri aýdylyp Şeýle-de toplumyň işjeň agzalaryna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan taýýarlanylan ýörite sowgatlar gowşuryldy. Baýramçylyk çäräniň ahyrynda bolsa, bu aladany döwlet derejesine çykaryp, biz — zenanlar barada edýän yzygiderli aladalary üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.
TSTP