Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • Garaşsyz Diýaryň beýik üstünlikleri we halkymyzyň buýsanjy

    9-njy...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan milli saglygy goraýyş ulgamy Hormatly Prezidentimiz bilen täze belentliklere göterilýär
    12-nji...

TÜRKMENISTAN PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIGIŇ WE DOST-DOGANLYGYŇ MEKANY

Arkadag şäheriniň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň gurnamagynda «Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjiligiň we dost-doganlygyň mekany» atly maslahat geçirildi.

Şanly senä bagyşlanyp geçirilen maslahat hem deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak esasynda ählumumy parahatçylyga we durnukly ösüşe, syýasy, ykdysady, medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen ýurdumyzyň daşary syýasatynyň aýratynlyklaryny açyp görkezmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Çykyşlarda ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň türkmen döwletiniň geçmişiniň, şu gününiň we geljeginiň arasyndaky özboluşly köprüdigini we onuň milletiň bütin ruhy durmuşynyň yzygiderli ösüşiniň netijesidigini bellediler. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşiniň binýadynda durýar. Hemişelik Bitaraplygymyz sebitde syýasy durnuklylygy üpjün etmegiň hem-de milli bähbitleri goramagyň, durnukly gatnaşyklary ýola goýmagyň girewidir. Çykyş edenler ata Watanymyzyň halkara abraýyny belende galdyryp, halkymyzy baky bagtyýar zamana ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

TSTP