Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda halkymyzyň bolelin durmuşyna gönükdirilen ykdysady özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň işewürleri hem döwür bilen deň gadam urup, dünýä tejribesiniň iň soňky gazananlaryny özleşdirmäge, önümçilige innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem uly ähmiýet berýärler. Bu babatda Mary welaýatynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy telekeçi Begenç Orazowa degişli «Täze Aý» haryt nyşanly konditer, şöhlat we ýarym taýýar azyk önümlerini öndürýän kärhanada alnyp barylýan işler hem bellenilmäge mynasypdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan kemala gelip, okgunly ösüşleriň nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň açylmagy ýurdumyzyň hususyýetçilerini hem täze üstünliklere ruhlandyrdy. Ýurdumyzyň öňdebaryjy kärhanalarynyň biri hem sebitdäki ilkinji «akylly» şäheriň mümkinçiliklerinden ylham alyp, innowasion tehnologiýalar esasynda işleýän täze edara ediş binasynyişe girizdi. «Akylly» tehnologiýalara esaslanýan edara ediş binasynda kärhananyň önümleriniň ýurdumyzyňähli ýerlerindäki satuwlary barada maglumat almaga hem mümkinçilik döredilendir. Has takygy, bu ýerde ornaşdyrylan sanly ulgam paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde «Täze Aý» haryt nyşanlyönümleriniň satylan möçberi baradaky maglumatlary edara binasyna habar berýär. Şeýle ulgam satuwlaryň ýagdaýyndan habarly bolmaga, sarp edijileriň isleglerini kanagatlandyrmakda täze çemeleşmeleri durmuşa ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Täze edara binasynda «akylly» tehnologiýalaryň peýdalanylmagy serişdeleri tygşytly peýdalanmaga, işleri awtomatlaşdyrylan görnüşde dolandyrmaga şert döredýär. Edara binasynyň önümçilik sehi bilen bir topluma birikmegi bolsa, öňdebaryjy dünýä tejribesine laýyk gelip, işleriň netijeliligini artdyrmaga gönükdirilendir.
2005-nji ýylda esaslandyrylan «Täze Aý» haryt nyşanly konditer, şöhlat we ýarym taýýar azyk önümlerini öndürýän kärhanada taýýarlanylýan ýokary hili we ekologiýa taýdan arassa, halkara hil ülňülerine laýyk gelýän önümler amatly bahasy bilen tapawutlanyp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýar. Bu kärhanada «Täze Aý» haryt nyşanly et we şöhlat önümleri, börek, manty ýaly tagamlaryň ýarym taýýar görnüşleriniň uly tapgyry öndürilýär. Kärhananyň önümçilik kuwwaty ýylda et önümleriniň 20 müň tonnasyna çenli öndürmäge niýetlenendir.
«Täze Aý» haryt nyşanly konditer, şöhlat hem-de ýarym taýýar azyk önümlerini öndürýän kärhanada azyk harytlarynyň 100-e golaý görnüşi öndürilýär. Bu ýerde et we şöhlat önümleriniň 70-den gowrak görnüşi, ýarym taýýar azyk önümleriniň 20-ä golaý görnüşi taýýarlanylýar. Şolaryň hatarynda gaýnadylan we kakadylan şöhlat önümleri, dürli görnüşli ýarym taýýar et önümleri, manty, börek ýaly ýarym taýýar azyk önümleri bar. Bu önümler paýtagtymyzdaky we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky söwda nokatlarynyň 18 müňden gowragyna ýetirilýär.
«Adalat», «Awçy», «Oguz», «Aşgabat», «Lebap», «Daýanç», «Saýlama», «Ezber», «Nesibe», «Lukman» ýaly döwrebap atlar bilen öndürilýän önümler müşderilerde uly islegden peýdalanýar. Ýokary hilli önümlerýurdumyzda we daşary ýurtlarda guralýan halkara sergilerdehem-de gözden geçirilişlerdeýokarybahamynasypbolup,daşary ýurtly hünärmenlerde we işewürlerde uly gyzyklanma döredýär. «Täze Aý» haryt nyşanlyönümleriň halkara hil ülňülerine laýyk gelýändigi baradaky ISO şahadatnamalaryna mynasyp bolmagy hem bu hakykaty aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
Telekeçi Begenç Orazowa degişli «Täze Aý» haryt nyşanly şöhlat we ýarym taýýar azyk önümlerini öndürýän kärhanada 800-den gowrak işgär zähmet çekýär. Olaryň köpüsiniň ýaşlardygyny aýratyn bellemek gerek. Bu ýerde işgärleriň döredijiliki zähmet çekmekleri hem-de hünärmenleriňhünär derejesini ýokarlandyrmak ugrunda zerur tagallalar edilýär.
Täzegül Jumadurdyýewa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy