Ata-babalarymyzyň arzyly arzuwlarynyň wysaly bolan berkarar döwletimiziň okgunly ösüşleri, ähli ugurlarda gazanylýan üstünlikler we jemgyýetimiziň abadançylygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşynda jebisleşen agzybir halkymyzyň yhlasynyň, tutanýerli zähmetiniň miwesidir.
Her bir güni şanly wakalara beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýuna we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine barýan günlerimizde biz bu hakykata has-da aýdyň göz ýetirýäris. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik syýasy durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan umumy milli forumy şu ýylyň 19-njy sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi.
Şanly Garaşsyzlygymyzyň baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eziz Watanymyzda ýetilen sepgitleriň, gazanylan üstünlikleriň, bitirilen işleriň jemleri jemlener. Röwşen geljege uzaýan belent maksatlara ýetmek üçin täze maksatlardyr wezipeler kesgitleniler. Munuň özi ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleriniň, döwleti we jemgyýeti dolandyrmakdaky tejribeleriniň täze taryhy döwürde mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Türkmen halky uzak taryhy döwrüň dowamynda döwleti we jemgyýeti dolandyrmagyň özboluşly nusgasyny kemala getiripdir. Milli demokratik ýörelgelerimize esaslanyp, halk häkimiýetini amala aşyrmakda, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi, halkyň eşretli durmuşyny gazanmagy nazarlaýan çözgütleri kabul etmekde Türkmenistanyň Halk Maslahaty möhüm ähmiýete eýedir. Döwlet berkararlygynyň binýadyny berkitmek hukuk ulgamyny kämilleşdirmek, raýat jemgyýetini ösdürmek, döwlet bilen halkyň arasynda sazlaşykly gatnaşyklary üpjün etmek häzirki zaman türkmen jemgyýetini galkyndyrmakda wajyp wezipeleriň hatarynda durýar. Konstitusiýamyza laýyklykda, halkyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edara bolup durýan Türkmenistanyň Halk Maslahaty bilen bilelikde ýerlerde döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hereket edýär. Olar bu ugurda jemgyýetçilik guramalary we syýasy partiýalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar.
Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen belent şygaryndan ugur alnyp, halk bilen döwletiň bähbitleriniň bitewüliginiň üpjün edilmegi ýurdumyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna giň ýol açýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul ediljek döwletli çözgütler hem halkymyzyň röwşen geljegine gönükdirilen özgertmeleriň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna kuwwatly itergi berer.
Şemşat BAÝRAMGELDIÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Umumy bölüminiň müdiri.