Mälim bolşy ýaly, 1-nji sentýabrda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasy geçirildi. Onuň çäklerinde täze innowasion bilim ojagynyň howlusynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň öndürýän önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Sergide türkmen telekeçileriniň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, hususan-da, gurluşyk senagat önümçiliginde gazanýan üstünlikleri görkezilip, munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hususy pudagyň batly depginler bilen okgunly ösdürilýändiginiň nobatdaky güwäsine öwrüldi.
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gurluşyk we senagat toplumyny innowasion taýdan we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu işler
bilen bir hatarda, öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we olaryň görnüşlerini artdyrmaga, gurluşyk senagatynyň önümçilik, ylmy-tehniki binýadyny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça amala aşyrylýan döwlet strategiýasynda içerki bazary ýerli çig malyň esasynda öndürilýän gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek meselelerine uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, täze kärhanalary gurmaga, hereket edýän önümçilikleriň kuwwatyny yzygiderli ýokarlandyrmaga uly möçberli maýa goýumlar gönükdirilýär.
Döwletimiz tarapyndan berilýän ýeňillikleriň we goldawlaryň netijesinde, telekeçiler döwrebap tehnologiýalara esaslanýan önümçilik toplumlaryny döredýärler. Ýurdumyzda amatly maýa goýum
ýagdaýynyň döredilmegi kiçi we orta işewürligi ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Mundan başgada, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamak, maýa goýum işjeňligini ösdürmek, döwlet eýeçiligindäki emläkleri hususylaşdyrmak, paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, bazar gatnaşyklary şertlerinde ylma daýanýan ykdysady syýasaty amala aşyrmak ýaly başlangyçlar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Iri gurluşyk taslamalaryny ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmekde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna wajyp orun degişlidir. Milli ykdysadyýetimizi depginli ösdürmekde mynasyp paýy bolan telekeçiler önümçilikleri giňeltmek bilen, gurluşyk senagatynyň ösüşine saldamly goşant goşýarlar. Muňa Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasy mynasybetli täze bilim ojagynyň howlusynda ýaýbaňlandyrylan serginiň mysalynda aýdyň göz ýetirdik. Bu ýerde görkezilen ýokary hilli häzirki zaman elektron önümleri, şol sanda plastmassa turbalary, keramiki bezeg plitalary, sanfaýans önümleri, bilim edaralaryna niýetlenen dürli görnüşli mebeller we beýlekiler türkmen telekeçileriniň ýurdumyzda elektron senagaty, gurluşyk we senagat toplumyny ösdürmekde mynasyp orny eýeleýändigini subut etdi.
Ýeri gelende bellesek, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň gurluşyk serişdeleriniň, şeýle-de bezeg önümleriniň aglaba böleginiň türkmen hususyýetçileriniň öndürýän önümleriniň hasabyna üpjün edilendigi bellärliklidir. Munuň özi häzirki wagtda hususy gurluşyk kärhanalarynyň, gurluşyk we bezeg önümleriniň önümçiligini alyp barýan hususy taraplaryň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan iri gurluşyk taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge gatnaşýan dygynyň aýdyň subutnamasydyr. Sebäbi türkmen telekeçileri häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň: «Türkmen telekeçileriniň önümleri we hyzmatlary döwrebaplygyň hem-de kämilligiň nusgasy bolmalydyr» diýen sözlerinden ugur alyp, hususy işewürlikde diňe täzeçillige, ylma we ösen tehnologiýalarada ýanýarlar, durnukly ösüş hemde «ýaşyl» ykdysadyýet ýörelgelerine pugta eýerýärler.
Şeýlelikde, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasy mynasybetli täze bilim ojagynda ýaýbaňlandyrylan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň öndürýän önümleriniň sergisi hususy işewürlik başlangyçlarynyň barha rowaçlanýandygyny, hususy bölegiň ýurdumyzda amala aşyrylýan iri döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine has-da işjeň gatnaşýandygyny tassyklady.
Ogulbeg ANNAORAZOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň bölüm müdiri.