Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

DÖWLETLI TUTUMLARA BADALGA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli demokratiýanyň dabaralanmagy halk bilen döwletiň arasyndaky aýrylmaz arabaglanyşygyň üpjün edilýändigini aýdyň görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygaryndan gözbaş alýan tutumly işler täze taryhy eýýamda has-da rowaçlanýar.

Golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň dowamynda Halk Maslahatynyň taryhy mejlisine taýýarlyk görlüşi bilen bagly meselelere garaldy. Gahryman Arkadagymyz mejlisiň dowamynda taryhy çykyş edip, öňde durýan möhüm wezipeler, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli işler barada özüniň gymmatly maslahatlaryny berdi.

Halk bilen maslahatlaşmak, halka sala salmak pederlerden miras galan ýol-ýörelge bolup durýar. Il içinde «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Geňeşli il — ýeňişli il» ýaly parasatly pikirler ata-babalarymyzyň her bir işi halk bilen maslahatlaşyp, arkalaşyp çözendigini aýdyň görkezýär. Halk demokratiýasynyň täze taryhy eýýamda dabaralanýandygyny mejlisiň dowamynda has aýdyň görmek boldy.

Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň beren tabşyryklaryna laýyklykda, öňde boljak ählihalk forumynyň dowamynda dolandyryş-çäk bölünişigini kämilleşdirmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem degişli meseleler boýunça anyk teklipleri taýýarlamak tabşyryldy. Bu bolsa ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak bilen bagly meseleleriň döwlet derejesinde möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny aýdyň görkezýär.

Demokratik däplere daýanýan berkarar döwletimiziň Esasy Kanunynda adamyň döwletiň we jemgyýetiň gymmatly hazynasydygy barada kada bellenilýär. Adam hakyndaky alada taryhy döwrümizde ilkinji nobatdaky wezipe bolup durýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçiriljek nobatdaky mejlisi hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulýan işlerden gözbaş alýar. Halk hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ilkinji nobatdaky wezipesi hökmünde kesgitlenende ýurt berkarar bolup, döwür galkynýar. Döwür galkynsa, il-ýurt ýalkanýar. Bu beýik kämil garaýyşlar we başlangyçlar ady dünýä dolan Bitarap Türkmenistanyň şan-şöhratynyň has-da beýgelmegine ýol açýar. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň parasatly tutumlarydyr başlangyçlary bolsa, il-halkymyzyň dilinde sena, kalbynda buýsanja öwrülýär.

Gözel BARLYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.