Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň demokratik döwlet syýasaty netijesinde gün saýyn pajarlap, gülläp ösýär. Bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda gysga wagtyň içinde belent sepgitlere, beýik derejelere ýetilmegi, ähli ugurlarda asyrlara barabar netijeli uly işleriň amala aşyrylmagy buýsanç bilen bellärliklidir.
Asuda parahat diýarymyzda, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda durmuşa geçirilýän ähli özgertmeler we üstünlikler öz gözbaşyny Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygaryndan ugur alyp, häzirki wagtda Türkmenistanyň Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesinde aýdyň beýanyny tapýar we bu ugurda durmuşa geçirilýän beýik işler türkmen halkyny uly ruhubelentliklere besleýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy özeni Garaşsyz, Bitarap döwletimizi syýasy, ykdysady, hukuk we medeni taýdan berk binýatly, kuwwatly döwlete öwürmekden, halkymyzy parahat, eşretli durmuşda ýaşatmakdan ybarat bolup durýar.
Şu nukdaýnazardan ähli il-halk döwlet bähbitli alnyp barylýan işlere badalga bermekde hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň eýeleýän orny uludyr. Taryha ser salsak köküni asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen halky il-ýurt bähbitli işlere badalga berjek bolanda maslahat gurup her obanyň il içinde sylanýan, hormatlanýan adamlaryny çagyryp sala salyp, döwletli işleri köpçüligiň pikirine görä çözüpdirler. Ak sakgally ýaşululara, il-halka maslahat salnyp, olar bilen geňeşilip, ýerlikli çözgütleri tapmak elmydama özüniň gowy netijelerini berýändigini türkmen halkynyň gadymyýetden gaýdýan geçmişi beýan edýär. Şonuň ýaly-da, munuň aňrysynda halkymyzyň birek-birege sylaşygy, hormaty, birek-biregiň pikirini diňlemek, oňa hormat goýmak, mynasyp baha bermegi başarmagyň durandygyny görmek bolýar. Ata-babalarymyzdan biziň günlerimize çenli miras galan «Ýedi ölçäp, bir kes», «Maslahatly biçilen don, gysga bolmaz» diýen nakyllary hem bu aýdylanlaryň üstüni ýetirýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzda uly jemgyýetçilik edarasy bolup, Halk Maslahatynda kabul edilen taryhy çözgütler, taryhy kararlar ýurdumyzyň ähli çäginde hem giň goldawa eýe bolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda hereket edýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynda kabul edilýän taryhy çözgütler her bir adama täsirini ýetirip, ruhubelentlik paýlaýar. Halk Maslahatynyň düzümi barada aýdanymyzda, onuň gerimini, durmuşyň ähli ugurlaryndan wekilleriniň bardygyny buýsanç bilen belläp geçmelidiris. Ýurdumyzda Halk Maslahaty hakynda Konstitusion kanun hereket edýär. Şol kanunyň maddalarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzüm birligi, ýerine ýetirýän işleri, durmuşdaky orny baradaky ähli zatlar öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň Halk Maslahaty welaýat, şäher we etrap Halk Maslahatlarynyň işlerine, arçynlyklara işleri talabalaýyk ýola goýmaga gözegçilik edýär.
Biz her ýylda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geçirilmegi netijesinde halk bilen häkimiýetiň işiniň jebisleşýändiginiň, döwrebap derejä eýe bolýandygynyň, halkymyzyň durmuşynda ykbal özgerdiji wakalaryň bolup geçýändiginiň şaýady bolýarys. Ynha bu ýyl hem sanaglyja günlerden geçiriljek uly syýasy çärä – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Mejlisine ýurdumyzyň çar künjeklerinde uly taýýarlyk işleri görülýär. Görülýän taýýarlyklaryň çäklerinde, Halk Maslahatynyň durmuşdaky orny barada maslahatlar, söhbetdeşlikler uly ruhubelentlikde geçirilýär.
Şeýle maslahatlar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda welaýatymyzyň hususy pudagyň wekilleriniň arasynda hem giňden ýaýbaňlandyrylýar.
Şu ýylyň sentýabr aýynyň 19-na geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzda durnukly dowam etdirilýän ösüşiň has-da ýaýbaňlanmagyna, halk bilen häkimiýetiň berk jebisleşmegine öňküden-de giň mümkinçilikleri döreder. Halkymyzy ýene öňe gitmäge, täze başlangyçlara itergi berer. Mundan beýläk hem halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyryp, raýatlarymyzyň abadan, asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün eder.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkyň agzybirligini berkitmekde, demokratiýany ösdürmekde, raýat jemgyýetiniň edaralarynyň işjeňligini ýokarlandyrmakda örän uly ähmiýete eýedir. Bu döwletli maslahatyň geçirilmeginiň netijesinde halk bilen häkimiýetiniň işiniň jebisleşýändiginiň, döwrebap derejä eýe bolýandygynyň şaýady bolýarys. Döwrüň özgermegi, tehnikanyň ösmegi biziň durmuşymyza öz üýtgeşikliklerini girizdi. Ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli, täze tehnologiýalardan baş çykarýan bolup ýetişmeginde, telekeçilik işiniň dürli görnüşlerinde, umuman aýdanyňda ähli pudaklarda işleriň sazlaşykly ösmegine uly itergi berýär. Ýeri gelende aýtsak şu güne çenli gazanylan üstünlikleriň, ýetilen belent sepgitleriň hemmesini agzap geçmek mümkin däl, ýöne biz olaryň ählisini gündelik durmuşymyzda, ajaýyp, bolelin ýaşaýşymyzda görüp, doly göz ýetirip ýaşaýarys.
Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýurdumyzda ykdysadyýetiň durnukly ösüşini saklamak, senagatda sebitleriň endigan ösüşini gazanmak, medeniýetde gadymdan gelýän däp-dessurlara daýanmak, ylym-bilimde ylmyň, tehnikanyň döwrebaplygyna eýermek, kanunçylykda halkyň arzuw-islegini nazara almak, dünýäniň baý tejribesini göz öňünde tutmak esasy ýörelgä öwrüldi. Özara sazlaşykly dowam etdirilýän, gelejegi nazarlaýan bu ýol-ýörelge halkymyzy has-da jebisleşdirip, ösüşiň belent sepgitlerine alyp barýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatyny guramaçylykly geçirmegiň baş maksady jemgyýetiň bähbidini we ýurduň abadançylygyny üpjün etmekdir. Halkymyzy bolelin, eşretli durmuşda ýaşatmakda, ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda eden arzuwlaryny amala aşyrmakda, çekýän asylly zähmeti üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Merdan NOWRUZOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary.