Şu ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň Müdiriýetiniň gurnamagynda daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Bagy baryň saýasy hem miwesi bar” atly maslahat duşuşygy geçirildi. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna” laýyklykda, daşky gurşawy goramak we ekologiýa arassaçylygyny üpjün etmek babatda ýurdumyzda netijeli işler amala aşyrylýar. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň zerur şerti hökmünde ekologiýa meselelerine möhüm orun degişlidir. Türkmenistan bu möhüm wezipeleri çözmäge anyk goşant goşup, uzak geljek üçin niýetlenen, ylmy taýdan esaslandyrylan tebigaty goraýyş strategiýasyny toplumlaýyn durmuşa geçirýär. Daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak meselesinde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Döwlet ekologiýa syýasaty Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary (Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy — UNEP, Ösüş maksatnamasy — UNDP, Azyk we oba hojalyk guramasy — FAO we başgalar), Ýewropa Bileleşigi, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Ýabany tebigatyň bütindünýä gaznasy (WWF), Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) we beýleki iri halkara guramalar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda, şeýle hem köptaraplaýyn halkara konwensiýalaryň we ylalaşyklaryň, bilelikdäki maksatnamalaryň hem-de taslamalaryň esasynda alnyp barylýar. Türkmenistan ekologiýa babatda ulgamda halkara hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýar. Bu ugurda alnyp barylýan işler üstünlikli amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň biologik köpdürlülik, çölleşmäge garşy göreşmek, howanyň üýtgemegi, ozon gatlagyny goramak, serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri goramak hem-de peýdalanmak, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda resminamalarynyň ýurdumyz tarapyndan tassyklanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle-de Hazaryň deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly konwensiýa we suw-batgalyk ýerler hakynda Ramsar konwensiýasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýän beýleki onlarça taslamalar Türkmenistan tarapyndan tassyklanyldy. Türkmen halky hemişe tebigat bilen ysnyşykda ýaşapdyr. Şonuň üçin hem parasatly pederlerimiz tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak medeniýetini «Ýagşydan bag galar», «Bir nahal ekseň, ýaşyň baky», «Bag eken baky ýalkanar», «Bag aýdypdyr: «Bak maňa, bakaýyn saňa», «Bag barsyz bolmaz, at — timarsyz», «Bag — ekeniňki, ýap — çekeniňki», «Bagym bar, barym bar» ýaly nakyllaryň, durmuş ýörelgeleriniň üsti bilen nesilleriň aňyna siňdirip gelipdir. Baglaryň ynsan üçin ähmiýeti saglyk babatda hem uludyr. Olar sagdyn hem-de ýeňil dem almak üçin möhüm bolan kislorody bölüp çykarýar, dem alýan howamyzyň düzümindäki kömürturşy gazyny özüne siňdirýär. Ynsanyň kuwwaty, işjeňligi, güýji onuň dem alşy bilen gönüden-göni bagly bolup durýar, çünki dem alýan howasy näçe arassa we sagdyn bolsa, adam şonça-da özüni gowy duýýar. Hut şonuň üçin hem daşky gurşawyň abadanlygyny we arassalygyny üpjün etmekde ýaşyl baglary bahasyz gymmatlyk hasaplap bolar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinde atlary agzalýan çomuç, sazak, çopantelpek, atgulak, üzärlik ýaly ösümlikleriň bejerijiliginiň özi tebigatyň gaýtalanmajak täsinlikleridir. Şonuň üçin hem tebigat bilen ysnyşygyň aýdyň ýüze çykmasy hökmünde halkymyzda bag ekmek, nahal oturtmak sogaply iş hasaplanylýar. Soňky ýyllaryň asylly däbi boýunça, ýurdumyzyň ähli künjeginde döwlet derejesinde belent ynsanperwerlik ýörelgelerini, zähmete söýgini dabaralandyrýan, jebisligiň nyşany hasaplanýan bag ekmek boýunça ählihalk dabaralary yzygiderli geçirilýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daş-töweregimizi abadanlaşdyrmak, tebigy serişdelere aýawly çemeleşmek, ösüp gelýän ýaş nesilde tebigata söýgini terbiýelemek, jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmek ugrunda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn işlerde halkymyzyň durmuş kadasyna öwrülen tebigat bilen sazlaşykda ýaşamak ýörelgesi öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiz bu babatda: «Daşky gurşawy arassa saklamak, tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmek we olary rejeli peýdalanmak, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary önümçilige yzygiderli ornaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar» diýip belleýär. Türkmen halkynyň Mili Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bu işleriň geljekde hem mynasyp derejede dowam etdiriljekdigine pugta ynanýarys. Halkymyzy ýagty ertirlere ynamly gadamlar bilen alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza durmuşa geçirýän döwletli işleri üçin köp sagbolsun aýdýarys.
Altynaý Akmyradowa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň hasabatçysy