Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

BITARAPLYK TAGLYMATY

Bitaraplyk taglymaty – dünýä döwletleri bilen ylalaşykly ýaşamak diýmekdir. Bitaraplyk ýaş türkmen döwletiniň gülläp ösmegi üçin badalga boldy. Parahatçylygy we durnuklylygy saklaýan türkmen döwletimiz ykdysadyýet, medeniýet we beýleki ulgamlaryň ählisi boýunça çalt depginler bilen ösýär. Ýurdumyz Bitaraplyk derejesine daýanmak arkaly, halkara gatnaşyklaryny yzygiderli giňeldýär.

      Geçmişe ser salsaň, pederlerimiziň dünýä halklaryna sary uzaýan ýollaryna gözüň düşýär. Şol ýollar baradaky ýazgylarda türkmeniň adalatly, ynsanperwer, mert häsiýetleri hakda aýdylypdyr. Ine, bu gün mukaddes topragymyzda binýady berkden tutulan döwletimiz pederlerimiziň dünýäniň çar ýanynda milli häsiýetlere esaslanyp gurlan, hoşniýetli gatnaşyk saklan ýollaryna täzeden jan beren, olaryň asuda, erkin ýaşamak ýaly mukaddes arzuwlaryny wysal eden Garaşsyz, baky Bitarap döwletdir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde asmanymyzyň asuda, ýurdumyzyň abadan bolmagyny dilleriniň senasyna öwren pederlerimiziň eden arzuw-umytlary hasyl bolýar. Köklerini gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan ata-babalarymyz parahat durmuşda ýaşap, ähli eşretlere ýetip bolýandygyna berk ynanypdyrlar. Şol ynam bilen hem goňşy arasyndaky gatnaşyklarda hoşniýetli häsiýetlerimiz kemala gelipdir. Dünýäniň dört künjünde döwlet gurmagy başaran ata-babalarymyz hut şu häsiýet bilen tanalypdyr.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy taryhy rezolýusiýany kabul etdi, şoňa laýyklykda türkmen döwleti deňi-taýy bolmadyk halkara hukuk derejesine — hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe boldy.

Bitaraplyk güni Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp seneleriň biridir. Halkymyzyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasaty gadymy ynsanperwerlik, parahatçylyksöýüjilik, dostluk ýörelgeleriniň, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň rowaçlanmagy üçin uly mümkinçilikleri döretdi.

Bitaraplyk türkmen döwletiniň Ýer ýüzünde parahatçylyk dörediji merkez hökmündäki ýokary derejä eýe bolmagyna uly goldaw berdi. Parahatçylygyň, ylalaşygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň hakyky merkezine öwrülen ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasy we beýleki ençeme abraýly halkara guramalar bilen bilelikde uly forumlaryň hem-de wajyp ähmiýetli duşuşyklaryň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygy strategik we uzak möhletleýin häsiýete eýedir. Türkmenistan bütin dünýäde we sebit möçberinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde daşary ýurt maýasyny, tehnologiýasyny, tejribesini ýurduň ykdysadyýetine giňden çekmek arkaly, beýleki ýurtlar bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklary ýola goýýar.

Alnyp barylýan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp, işjeň durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasatynyň halkara kadalaryna laýyk gelmegi, daşary ýurt maýa goýumlarynyň goralmagynyň kepillendirilmegi, daşary ýurt telekeçiligi üçin amatly şertleriň döredilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň iňňän baý tebigy serişdeleri, amatly geosyýasy ýagdaýy, syýasy durnuklylygy ykdysadyýetimiziň daşary ýurt maýa goýujylaryny özüne çekmegini şertlendirip, özüniň oňyn netijelerini berýär. Bu bolsa Türkmenistan döwletimiziň dünýädäki ähli döwletler bilen dostluk, birek-biregi hormatlamak, özara ynam we ýardam bermek esasynda gatnaşyklaryny ösdürýändigini, köp ýurtlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy saklaýandygyny, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmak işine önjeýli goşant goşýandygyny görkezýär. Oňyn Bitaraplyk syýasaty ýurdumyzyň halkara derejesindäki at-abraýynyň has-da beýgelmegine ýardam edýär. Bitarap Türkmenistanyň häzirki döwürdäki derwaýys meseleleriň çözülmegine gönükdirilen netijeli başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldaw tapýar we ykrar edilýär.

Şeýle taryhy üstünlikleriň we halkara derejesinde gazanylýan belent sepgitleriň sakasynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli döwlet syýasaty durýar.

Bizi ösüşlerden ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik başlangyçlary hemişe rowaçlyklara beslensin!

Aýbibi NURGYLYJOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň baş hasapçysy.