Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

  • DÖWREBAP ULAG-KOMMUNIKASIÝA ULGAMYNDA HUSUSY PUDAGYŇ TÄZE MÜMKINÇILIKLERI

    Hormatly...

  • BEDEW BADY BILEN TÄZE SEPGITLERE TARAP

    Täz...

  • PARLAMENTARA ÖSDÜRILÝÄR HYZMATDAŞLYK

    Berkarar...

  • ÖSÜŞLI ÝOLLAR — ROWAÇ MENZILLER

    Ber...

  • ÝAŞ NESILLER — WATANYMYZYŇ RÖWŞEN GELJEGI

    Berkarar...

  • Dowamy

BEDEW BADY BILEN TÄZE SEPGITLERE TARAP

Täze taryhy döwürde Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny dowamata besleýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döredijiligiň, gurmagyň we giň möçberli özgertmeleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Eziz Diýarymyzyň çar ýanynda iri ykdysady, durmuş we medeni maksatly desgalar gurulýar, işewürligi ösdürmek, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak üçin uly mümkinçilikler döredilýär. 18-nji noýabrda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi günsaýyn gülleýän ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň täze gözýetimlerini kesgitledi.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuny uly zähmet ýeňişlerine beslän merdana halkymyzyň nazary indi has-da belent menzillere gönügýär. Milli Liderimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan her bir wezipe — halkara hukukdan başlap, ykdysadyýeti senagatlaşdyrmaga, ýaşlar syýasatyna, bilime hem-de milli mirasy goramaga çenli dürli ugurlar eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga we dünýä ýüzündäki abraýyny belende götermäge gönükdirilendir.

Soňky asyrlarda adamzadyň ähli ugurlardaky ösüşleriniň depgini ýylsaýyn çaltlanýar. Şunda ylymdyr tehnologiýalara, şeýle hem olaryň gazananlaryny ynsanyň bähbidine gönükdirmäge, azyk we beýleki sarp ediş harytlarynyň bolçulygyny döretmäge ýardam edýän senagatlaşma aýratyn orun degişlidir. Senagatyň ösüş derejesi bu günki gün köp babatda ýurduň abadançylygyny we dünýä giňişligindäki ornuny kesgitleýän esasy şertleriň biridir. Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan senagatlaşma syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilip, soňky 15 ýyla golaý döwürde ýurdumyz ilatyň sarp edýän önümleriniň uly möçberini, şeýle hem dünýä bazarynda islegli harytlaryň ençeme görnüşini ýerli çig mallardan öndürmekde uly öňegidişlik gazandy. 23-nji sentýabrda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzda giň gerimli senagatlaşmany hil taýdan täze derejä çykarmakda öňdengörüjilikli we örän möhüm ädimdir. Bu uzak möhletleýin strategiýanyň durmuşa geçirilmegi Diýarymyzyň ykdysady keşbini düýpgöter özgerder. Resminama laýyklykda, 2030 — 2045-nji ýyllar aralygynda senagatda zähmet öndürijiligini 1,5 esse ýokarlandyrmak, 50 müňe çenli täze iş ornuny döretmek, sebitlerde çig mal däl eksporty 2-3 esse artdyrmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem tehnologik taýdan ösen kärhanalarda öndürilýän önümleriň möçberini 100 göterim, eksport önümleriniňkini bolsa 75 göterim köpeltmek meýilleşdirilýär. Munuň özi Türkmenistanyň diňe bir çig mal öndüriji däl, eýsem, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän taýýar, bäsdeşlige ukyply önümleri çykarýan senagatlaşan döwlet hökmündäki abraýyny has-da artdyrar.

Türkmenistanyň ykdysady syýasatynda bolup geçen iň möhüm öwrülişikleriň biri hususy pudagyň döwlet ösüşiniň esasy daýanjyna öwrülmegidir. «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň» iň möhüm we tapawutly aýratynlygy hem onda hususy ulgamyň, kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegine aýratyn orun berilmegidir. Strategiýa laýyklykda, ýurdumyzda 25 müňe çenli täze kiçi we orta kärhanany döretmek, kiçi we orta telekeçilikde işleýänleriň paýyny ykdysady taýdan işjeň ilatyň 40 göterimine ýetirmek hem-de bu kärhanalaryň eksportyny 2 esse artdyrmak göz öňünde tutulýar. Eýýäm häzirki döwürde ýurdumyzyň telekeçileri diňe bir söwda ýa-da hyzmatlar ulgamy bilen çäklenmän, eýsem, ýokary tehnologiýaly senagat kärhanalaryny, gurluşyk serişdelerini, dokma we azyk önümlerini öndürýän döwrebap toplumlary döretmekde öňdebaryjy orunlara çykýarlar. Döwletimiz tarapyndan berilýän ýeňillikli karzlar, döredilýän hukuk kepillikleri we salgyt salmagyň amatly şertleri telekeçileriň innowasion başlangyçlary durmuşa geçirmegine, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge, «Türkmenistanda öndürildi» diýen nyşanly harytlaryň dünýä bazarlaryndaky abraýyny artdyrmaga itergi berýär. Munuň özi içerki bazarda ýokary hilli ýerli önümleriň bolçulygyny üpjün etmäge, importyň ornuny tutýan önümçilikleri giňeltmäge we ilatyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga giň mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzda ýokary hilli önümleri öndürmek bilen birlikde, olary dünýä bazarlaryna çykarmaga, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşmegine ýardam edýän iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Şu ýylyň 4-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiziň Daşoguz welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda birbada birnäçe iri önümçilik desgalarynyňdyr ulag-logistika düzümleriniň düýbüniň tutulmagy we ulanmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplumyň düýbüniň tutulmagy ýurdumyzyň gazhimiýa senagatynyň kuwwatyny artdyrmagyň ýolunda möhüm ädimdir. Bu iri taslamanyň dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda iň ösen, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar esasynda durmuşa geçiriljekdigi Türkmenistanyň senagat diplomatiýasynyň we halkara maýa goýum hyzmatdaşlygynyň netijeliligini görkezýär. Şol gün Garaşsyzlyk etrabynda ýylda 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işlejek ösümlik ýag kärhanasynyň gurluşygyna badalga berilmegi bolsa oba hojalyk çig malyny ýerinde gaýtadan işlemegiň we azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň üstünlikli nusgasydyr.

Ata-babalarymyzyň ýol, köpri gurmak ýaly asylly ýörelgeleri bu gün ýurdumyzyň sebitlerini özara birleşdirýän we halkara ulag-logistika düzümlerine birigýän döwrebap ýollaryň gurluşygynda aýdyň şöhlelenýär. 4-nji noýabrda Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan awtomobil ýolunyň Garabogaz — serhetýaka böleginiň açylyp ulanmaga berilmegi hem-de paýtagtymyz bilen ýurdumyzyň demirgazyk sebitini birleşdirjek täze Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň düýbüniň tutulmagy ýurdumyzyň ulag-logistika mümkinçiliklerini täze derejä çykarýar. Bu ýollar diňe bir içerki ýük we ýolagçy gatnawlaryny çaltlandyrman, eýsem, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça halkara söwda-haryt dolanyşygyny ösdürmäge, milli senagat kärhanalarymyzyň, şol sanda hususy telekeçileriň öndürýän önümlerini dünýä bazarlaryna bökdençsiz çykarmaga giň mümkinçilikleri açar.

Buýsanç bilen bellenilmeli hakykatlaryň biri hem ýurdumyzyň ýol gurluşygynda we senagat desgalaryny bina etmekde hususy pudagyň paýynyň ýylsaýyn ýokarlanýandygydyr. Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Daşoguz welaýatynda hususy ulgam tarapyndan oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän senagaty giňeltmegiň, beýleki welaýatlarda bolsa gurluşyk materiallaryny, himiýa, dokma we azyk önümlerini öndürýän täze kuwwatlyklary döretmegiň göz öňünde tutulýandygy barada aýratyn nygtaldy. Bu işlere telekeçileriň hem mynasyp goşant goşjakdygyny ynamly aýdyp bileris. Kiçi we orta telekeçilik iri senagat kärhanalarynyň töwereginde goşmaça hyzmatlary, çig mal üpjünçiligini, logistika we gaplama önümçiliklerini ýola goýmak arkaly ykdysadyýetiň çeýeligini üpjün edýär. Bu bolsa döwlet bilen hususy pudagyň netijeli hyzmatdaşlygynyň has-da ilerlemegine ýardam edýär. Döwlet iri infrastruktura we strategik senagat desgalaryny gurmak arkaly ygtybarly binýat döredýän bolsa, hususy pudak şol binýadyň esasynda kiçi we orta önümçilikleri ýola goýup, içerki bazary ýokary hilli ýerli harytlar bilen doldurýar, ýol-ulag düzümleriniň gurluşygyna gatnaşýar hem-de ýurduň eksport kuwwatyny artdyrýar.

«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň» ýene bir möhüm tarapy ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň tebigy we ykdysady mümkinçilikleriniň göz öňünde tutulyp, sebitleriň deňagramly ösdürilmegi bilen baglydyr. Ahal welaýatynda gazhimiýa we gurluşyk serişdeleri, Balkanda karbamid hem-de «ýaşyl» energetika, Daşoguzda azot dökünleri we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, Lebapda dag-magdan we kaliý önümçiligi, Mary welaýatynda bolsa döwrebap gurluşyk materiallary senagatyny ösdürmek bitewi milli ykdysady zynjyry emele getirýär.

Diýarymyzyň çar ýanynda kemala getiriljek ägirt uly senagat toplumlaryny, innowasion önümçilikleri, döwrebap ulag-logistika düzümlerini dolandyrmak üçin täzeçe pikirlenýän, ýokary tehnologiýalardan baş çykarýan kämil hünärmenler zerurdyr. Şu maksat bilen kabul edilen «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» ýaş nesliň intellektual we telekeçilik mümkinçiliklerini açmaga gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda ýaşlar üçin startap merkezleriniň we halkara ylym-bilim klasterleriniň açylmagy ýaş telekeçileriň we IT hünärmenleriniň öz taslamalaryny durmuşa geçirmegine giň ýol açýar.

Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde kesgitlenen belent maksatlar we ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler Türkmenistanyň ykdysady taýdan öz-özüni doly üpjün edýän, ýokary tehnologiýaly, senagatlaşan döwlete öwrülýändigini görkezýär. Agzybir halkymyzyň yhlasly zähmeti, döredijilikli güýji hem-de döwlet syýasatynyň öňdengörüjiligi bilen ata Watanymyz okgunly ösüşleriň ýolunda abadan geljege tarap ynamly gadam urýar. Bize şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlarymyzy aýdyp, berk jan saglyk, uzak ömür, beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Saparmyrat OWGANOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.