Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda häzirki döwürde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýasynda döwlet we hususy pudagyň hyzmatdaşlygyny yzygiderli berkitmäge aýratyn ähmiýet berilýär. 24—26-njy noýabr aralygynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilýän «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026» atly halkara maslahat we sergi, şeýle hem «Türkmentel — 2026» atly XIX halkara sergi we ylmy maslahat ýurdumyzyň telekeçileriniň bu strategik pudaklardaky ornuny we gazanan üstünliklerini aýdyňlygy bilen görkezýär. Bu halkara forumlar türkmen işewürleriniň ulag-kommunikasiýalar ulgamynda diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, sebit we halkara derejesinde hem bäsdeşlige ukyply güýje öwrülendigini subut etdi.
Täze taryhy döwürde ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamynyň ösdürilmegine hususy kärhanalar, hojalyk jemgyýetleri mynasyp goşant goşýar. Eziz Diýarymyzyň Gündogar bilen Günbatary birleşdirýän strategik üstaşyr köpri hökmünde ornuny berkitmekde telekeçilerimiz işjeň çykyş edýärler. «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026» sergisinde «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen bir hatarda, «At-abraý», «Tylla nal», «Hazar logistik», «Meno logistik» ýaly hususy kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri öz mümkinçiliklerini giňden tanyşdyrdylar. Bu kompaniýalar Türkmenistanda öndürilýän ýokary hilli önümleri dünýäniň çar künjegine öz wagtynda ýetirmekde, şeýle hem multimodal ulag ugurlary arkaly halkara ýük daşamalaryny guramakda möhüm işleri alyp barýarlar. Ýurdumyzda ulag düzümleriniň kämilleşdirilmegi, täze awtomobil ýollarynyň we deňiz gämileriniň ulanmaga berilmegi hususy logistika kompaniýalaryna öz hyzmatlarynyň gerimini giňeltmäge we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen göni işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga giň ýol açýar.
Döwür bilen aýakdaş ösýän ýurdumyzda ykdysadyýetiň pudaklaryny we durmuş ulgamlaryny sanlylaşdyrmak ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bu ugurda hususy düzümleriň hem orny yzygiderli ýokarlanýar. «Türkmentel — 2026» halkara sergisi ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak işinde hususy IT kompaniýalarynyň esasy hereketlendiriji güýçleriň birine öwrülendigini görkezýär. «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» çäklerinde telekeçiligi ösdürmäge, programma üpjünçiliklerini taýýarlamaga we sanly ekoulgamy döretmäge uly üns berilýär. Sergide «Belet», «Ýokary Tilsimatlar Merkezi», «Imdat elektronika», «Älem TV», «Sanly Tehnologiýa», «Hyzmatly dostlar», «Takyk Ulgam» ýaly hususy kärhanalar özleriniň öňdebaryjy sanly çözgütlerini hödürleýärler. Olar ýurdumyzyň sanly gurşawyny kemala getirmekde, gündelik durmuş we söwda üçin amatly mobil goşundylary işläp taýýarlamakda, şeýle hem milli emeli aň programmalaryny döretmekde uly üstünlikleri gazanýarlar.
Mundan başga-da, ýurdumyzda milli elektron senagatynyň ösdürilmeginde hususy telekeçileriň tagallalary aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Mysal üçin, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti häzirki zaman elektron enjamlaryny, kompýuterleri, aragatnaşyk ulgamlaryny we emeli aňa esaslanýan täzeçil tehnologiýalary öndürmek arkaly importyň ornuny tutýan önümçiligi ýola goýýar. Bu bolsa edara-kärhanalary we ilaty ýerli şertlerde öndürilen ýokary hilli tehniki serişdeler bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Şeýle hem ýaş telekeçileriň we innowatorlaryň sanly ulgama bolan gyzyklanmasynyň artmagy geljekki ösüşleriň berk binýadydyr. Forumyň çäklerinde guralýan «Sanly çözgüt — 2026» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi ýaşlaryň startap başlangyçlaryny ýüze çykarmaga we olary telekeçilik işine çekmäge uly itergi berýär. Şol bir wagtyň özünde, daşary ýurtlaryň «Huawei», «Nokia», «Dell Technologies», «Fortinet» ýaly dünýä belli kompaniýalary bilen bir meýdançada çykyş etmek türkmen telekeçilerine öňdebaryjy halkara tejribäni öwrenmäge we täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge şert döredýär.
Aşgabatda geçirilýän halkara forumlar Türkmenistanyň hususy pudagynyň ýurduň durmuş-ykdysady ösüşinde ygtybarly daýanja öwrülendigini ýene bir gezek tassyklaýar. Telekeçilerimiziň logistika zynjyrlaryny kämilleşdirmekdäki, milli programma üpjünçiliklerini we elektron enjamlaryny döretmekdäki işjeňligi Garaşsyz Watanymyzyň sebitdäki ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga we sanly geljegi üstünlikli gurmaga mynasyp goşant goşýar. Ýurdumyzda hususy pudagyň mümkinçilikleriniň yzygiderli ýokarlanmagy, türkmen işewürleriniň döredijilikli başlangyçlarynyň rowaçlanmagy üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Abadan GURBANDURDYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.