«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistan döwletimizde toýlar toýa ulaşýar. Golaýlap gelýän Halkara Bitaraplyk güni parahatçylygyň we abadançylygyň baýramydyr.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkymyzyň taryhy tejribesine, asylly ýörelgelerine we parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna daýanýan beýik gymmatlykdyr.
Şan-şöhraty arşa galýan Türkmenistan döwletimiziň goşa ganatynyň biri bolan Bitaraplygymyz türkmen topragynda baky ýaňlanjak parahatçylygyň, dost-doganlygyň ýoly bilen geljegi nazarlaýan Watanymyzyň ösüşleridir beýik üstünlikleri dünýä jemgyýetçiligini haýrana goýýar. Bularyň ählisiniň sakasynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary, milletimiziň agzybirligi, jebisligi durandyr.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi üç gezek ykrar edilip, häzirki wagtda global derejede howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm binýat bolup hyzmat edýär.
Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerine gatnaşyp, eden taryhy çykyşlarynda hem birnäçe anyk teklipleri öňe sürýär. Döwlet Baştutanymyz hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiziň parahatçylyk söýüjiligiň we ynsanperwerligiň guraly hökmünde çykyş edýändigini bütin dünýä äşgär etdi.
Bitaraplyk derejämiz goňşy we sebit döwletleri bilen özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge giň ýol açýar. Soňky ýyllarda döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan döwletimizde energetika, bilim, saglyk, oba hojalygy, ýeňil senagat, dokma pudagy, nebitgaz ulgamlarynda hem-de halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegi bilen, ähli ugurlarda söwda-ykdysady gatnaşyklar barha işjeňleşdirilýär. Ýurdumyzyň ykdysady ösüşini has-da pugtalandyrmak, ähli ulgamlaryň işini sazlaşykly kämilleşdirmek ugrundaky tagallalar öz netijesini berýär. Bugünki gün Türkmenistanyň edara-kärhanalary hem-de işewürleridir telekeçileri bilen iş alyp barmaga isleg bildirýän dünýä kompaniýalarynyň sany dowamly artýar, bu bolsa Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrýar.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynda: «Bitaraplyk — diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň gymmatlygydyr, parahatçylygy we ynanyşmagy rowaçlandyrmagyň möhüm şertidir» diýip belleýär, bu bolsa halkymyzyň asylly ýol-ýörelgelerine, dünýewi garaýyşlaryna, edim-gylymlaryna siňen durmuş tejribelerine salgylanýar.
Baky Bitaraplyk — bu biziň geçmişimize buýsanjymyz, şugünümiziň bagtyýarlygy we geljegimiziň röwşen ýoludyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň, dost-doganlygyň we gülläp ösüşiň mekany hökmünde dünýä ýüzünde hemişe belentden-belent derejelere galar.
Dünýä ýüzünde adamzadyň parahat ýaşaýşy, bagtyýar durmuşy, eşretli geljegi ugrunda uly aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Gülsoltan ALLAGULYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.