Dünýäniň çalt depginler bilen özgerýän şertlerinde döwletara gatnaşyklary diňe bir diplomatik dialogy däl, eýsem, çuňňur oýlanyşykly we öňdengörüjilikli strategik çemeleşmeleri talap edýär. Türkmenistanyň yzygiderli amala aşyrýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugry hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň halkara giňişliginde ählumumy abadançylygyň möhüm guralyna öwrülendigini aýdyňlygy bilen tassyklaýar. 7 — 9-njy oktýabr aralygynda Hazaryň türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen sebit we yklym ähmiýetli ýokary derejeli sammitlerdir forumlar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diňe bir netijeli dialog üçin abraýly meýdança bolmak bilen çäklenmän, eýsem, halkara giňişlikde täze syýasy, ykdysady, ynsanperwer we ekologik wezipeleriň üstünlikli çözülýän strategik merkezdigini ýene bir gezek äşgär etdi.
Awaza duşuşyklarynyň taryhy we geosyýasy ähmiýetiniň esasyny Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygy düzdi. Taryhy kökleri bilen baglanyşýan doganlyk döwletleriň özara ynanyşmak we hyzmatdaşlyk dialogyna Azerbaýjan Respublikasynyň hem işjeň goşulmagy Ýewraziýadaky däp bolan köpugurly hyzmatdaşlygy düýbünden täze derejä çykarýar. Şonuň netijesinde Merkezi Aziýa we Günorta Kawkaz sebitleri aýry-aýry çäkler bolman, eýsem, bir bitewi geoykdysady giňişligi emele getirip, bilelikdäki ösüşiň täze gözýetimlerini nazarlaýar. Bu kuwwatly giňişlik Gündogar bilen Günbataryň arasynda täze strategik köpri bolup çykyş edýär. Bu ugurda yklymara ulag geçelgeleriniň möhüm merkezi bolan Diýarymyza aýratyn strategik ornuň degişlidigi buýsandyrýar.
Dostlukly ýurtlaryň ykdysady taýdan bitewüleşmek strategiýasynda ulag we logistika ulgamy esasy hereketlendiriji güýçleriň biri hökmünde çykyş edýär. Türkmenistan diňe bir multimodal ulag geçelgelerini ösdürmek baradaky başlangyçlary öňe sürmek bilen çäklenmän, eýsem, döwrebap düzümleri döretmek, şol sanda kuwwatly Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini doly ulanmak arkaly amaly işleri durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen 2029-njy ýylyň «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ulag arabaglanyşygynyň ýyly» diýlip yglan edilmegi hem Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ýük daşalyşyny yzygiderli artdyrmak, sebitara söwda çäklendirmelerini aradan aýyrmak ugrundaky tagallalaryň netijesidir.
Hazaryň kenarynda geçirilen ýene bir ýokary derejeli sammitde — GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan ugurlar hem ählumumy abadançylygy pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Umumy taryhy we geografik ýakynlygy bilen baglanyşýan döwletleriň arasynda ykdysady bitewileşmäniň ýene bir aýdyň subutnamasy bolsa özara hasaplaşyklarda milli pul birlikleriniň paýynyň yzygiderli artyp, häzirki wagta çenli iň ýokary derejä ýetmegidir. Munuň özi Arkalaşygyň çäklerinde daşarky durnuksyz şertlere bagly bolmadyk ygtybarly ykdysady binýadyň döredilýändigini görkezýär.
Energetika we senagat hyzmatdaşlygy hem täze geoykdysady giňişligiň durnuklylygyny üpjün edýän esasy sütünlerdir. Uglewodorod serişdeleriniň uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyz energetika taslamalaryna diňe bir turba geçirijiler däl, eýsem, elektroenergetika ulgamynda durnukly arabaglanyşygy döretmek we gyzyklanma bildirýän ýurtlara elektrik energiýasyny ibermek nukdaýnazaryndan çemeleşýär. Şonuň bilen birlikde, ýönekeý haryt çalyşmasyndan önümçilik hyzmatdaşlygyna geçmek, ýurtlaryň çäklerinde biri-biriniň üstüni ýetirýän önümçilikleri we oba hojalygynda eksport ugurly bitewi klasterleri döretmek başlangyçlary geljegi uly ykdysady ugurlar bolup durýar. Bu ugurlar häzirki zaman dünýäsinde bäsdeşlige ukyplylygyň derwaýys şertleri bolan sanly özygtyýarlylyk, emeli aňy önümçilige ornaşdyrmak we Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen «Akylly şäherler diplomatiýasy» ýaly innowasion ýörelgeler bilen berk utgaşdyrylýar.
Ykdysady durnuklylyk ekologiýa meseleleriniň we daşky gurşawy goramak wezipeleriniň üstünlikli berjaý edilmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Taryhy çäreleriň çäginde geçirilen Hazar ekologiýa sammiti guralan duşuşyklaryň, kabul edilýän çözgütleriň düýpli ylmy çemeleşmelere we aň-paýhasa daýanylýandygyny subut etdi. Hazar ekologiýa sammitinde dünýä derejesinde howanyň üýtgemegi we deňiz suwunyň derejesiniň peselmegi ýaly töwekgelçiliklere garşy bilelikde göreşmekde anyk teklipler öňe sürüldi. Deňziň meseleleri boýunça ýörite topar döredilip, onuň ilkinji mejlisiniň 2027-nji ýylda geçirilmeginiň bellenilmegi, «Hazar deňziniň suw serişdelerini goramagyň Döwletara maksatnamasyny» işläp taýýarlamak baradaky başlangyçlar Ýewraziýanyň bitewi ekologiýa strategiýasyny döretmekde taryhy ähmiýetli ädimlerdir.
Awazada gazanylan ylalaşyklar Türkmenistanyň halkara hukugyna we ykdysady arabaglanyşyga esaslanýan täze parahatçylyk we ynanyşmak filosofiýasyny jemgyýetçiligine hödürleýändigini görkezýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2028-nji ýylyň «Halkara hukuk ýyly» diýlip yglan edilmegi hem bu uly abraýyň dünýä derejesindäki ykrarnamasydyr. Türkmenistanyň amala aşyrýan giň gerimli we çuňňur oýlanyşykly daşary syýasaty sebitde we yklymda durnukly ösüşiň, parahatçylygyň we ählumumy gülläp ösüşiň berk kepili bolup hyzmat edýär.
Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen Türkmenistan bu gün halkara hyzmatdaşlygy ösdürip, durnukly ösüşiň ýolunda belent sepgitleri nazarlaýar. Il-ýurt we umumadamzat bähbitli işleri bitirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Şemşat BAÝRAMGELDIÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Umumy bölüminiň müdiri.