Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

  • ABADANÇYLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÝOLUNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ MÜMKINÇILIKLERI

    Dünýäniň çalt...

  • MILLI SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNYŇ DÖWREBAP ÖSÜŞLERI

    Ynsan...

  • BILELIKDÄKI TAGALLALAR ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ BÄHBIDINE

    «Aw...

  • DÖWLETLI MASLAHATDAN SOŇKY OÝLANMALAR

    Gözel...

  • TELEKEÇILIK ÝURDUMYZYŇ YKDYSADY KUWWATYNYŇ DAÝANJYDYR
    Garaşsyz, baky...
  • Dowamy

BILELIKDÄKI TAGALLALAR ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ BÄHBIDINE

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlyklyk etmeginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň, şeýle hem Hazar ekologiýa sammitiniň geçirilmegi eziz Watanymyzyň halkara abraýyny has-da artdyrdy. Sebit we yklym ähmiýetli syýasy wakalar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň netijeli dialog üçin abraýly merkezdigini nobatdaky gezek äşgär etdi.

Häzirki döwürde halkara syýasat döwletara gatnaşyklarda çuňňur oýlanyşykly we öňdengörüjilikli çemeleşmeleri talap edýär. Awaza duşuşyklary dostlukly döwletleriň döwrüň möhüm meselelerini hut şeýle ýörelgeler esasynda çözmäge ygrarlydyklaryny tassyklady. Döwlet Baştutanlarynyň duşuşyklarynyň öňüsyrasynda Awazada syýasy çözgütleriň aň-paýhas, tehnologik we medeni-ynsanperwer binýadyny goýan çäreleriniň tutuş toplumy ýaýbaňlandyryldy. Ekologiýa abadançylygy, habarlar giňişligi, gender deňligi, saglygy goraýyş, azyk bolçulygy, demografiýa ýaly möhüm ugurlara bagyşlanan giň gerimli çäreleriň ýokary derejede geçirilmegi türkmen diplomatiýasynyň häzirki zaman gün tertibiniň iň çylşyrymly meseleleriniň tutuş toplumyny çözmek ugrunda tagallalary birleşdirmäge ukyplydygyny şöhlelendirdi.

Diplomatik çäreleriň öňüsyrasynda zenanlaryň halkara syýasy-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklardaky ornuna bagyşlanyp, «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogynyň geçirilmegi uly ähmiýete eýe boldy. Duşuşykda dünýäniň ählumumylaşýan eýýamynda zenanlaryň döredijilik mümkinçilikleriniň, olaryň syýasy-jemgyýetçilik işjeňliginiň abadançylygyň güwäsi bolup çykyş edýändigine aýratyn üns çekildi. Forumyň netijeleri boýunça kabul edilen jemleýji resminama bolsa zenanlaryň hukuklarynyň mundan beýläk-de giňeldilmegi, olaryň Ýewraziýa giňişliginde syýasy, ykdysady we ýokary tehnologik işlere işjeň çekilmegine degişli hukuk binýadyny goýdy.

Saglyk we demografik durnuklylyk ählumumy abadançylygyň binýadynda durýan esasy gymmatlyklardyr. Awazada bu ugurlara bagyşlanan forumlaryň geçirilmegi hem bu hakykaty ýene bir ýola aýan etdi. Degişli ugurda ministrlikleriň, parlament düzümleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyňdyr bilermenleriniň gatnaşmagynda geçirilen «Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we Durnukly ösüş maksatlary» atly ikinji halkara maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna esaslanýan milli saglygy goraýyş ulgamy üns merkezinde orun aldy. Şunda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, ilatyň saglygyny goramaga gönükdirilen maksatnamalaýyn işlere halkara derejede mynasyp baha berildi. Şunuň bilen birlikde, «Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi» atly halkara maslahatda ilatyň ýaş düzüminiň, durmuş goraglylygynyň we ykdysady ösüşiň arasyndaky arabaglanyşyk giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.

Abadan ýaşaýşyň möhüm şerti bolan suw serişdeleri hem Awaza duşuşyklarynda giňden ara alnyp maslahatlaşylan esasy ugurlaryň biridir. Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk Toparynyň 95-nji mejlisinde hem-de Amyderýanyň we Syrderýanyň suw serişdelerini rejeli peýdalanmak meselelerine bagyşlanan Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary derejeli duşuşygynda Türkmenistan sebitiň ekologiýa abadançylygy bilen bagly meselelerde işjeň orny eýeleýändigini tassyklady. Çärelerde geçen döwürde sebitde suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, oba hojalyk pudagyny suw bilen üpjün etmek, ekologik abadançylygy goramak boýunça ýerine ýetirilen işler seljerildi.

Azyk bolçulygyna we tohumçylyga bagyşlanan çäreler alymlaryň, seçgiçileriň we agrosenagat düzümleriniň ýolbaşçylarynyň uly toparyny Awazada jemläp, ýokary hasylly ekinleri ýetişdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakda ähmiýetli boldy. Tohumçylyk-seçgiçilik pudagynyň mümkinçiliklerini giňeltmek, tejribeleri paýlaşmak, şeýle hem agrosenagat toplumynda döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny ösdürmek we gözegçiligi berkitmek boýunça möhüm ugurlara seredilmegi sebitde oba hojalygynda hyzmatdaşlygy ilerletmäge ýardam eder.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça sebitdäki doganlyk döwletleriň hoşniýetli hyzmatdaşlyk dialogyna Azerbaýjan Respublikasynyň goşulmagy Ýewraziýanyň geosyýasy kartasyny düýbünden özgertdi. Netijede, Merkezi Aziýa we Günorta Kawkaz sebiti bir bitewi geoykdysady giňişligi kemala getirip, Hytaý bilen Ýakyn Gündogar we Ýewropa ýurtlarynyň arasynda strategik köprä öwrülýär. Yklymara ulag geçelgeleriniň ösüşine uly goşant goşýan Türkmenistanyň bu giňişlikde ähmiýetli orna eýe bolmagy aýratyn bellenilmäge mynasyp. Ýokary derejedäki sammitde hormatly Prezidentimiz yklymyň geljekki ösüşlerini göz öňünde tutýan hereketleriň giň gerimli hereketler maksatnamasyny öňe sürdi. Döwlet Baştutanymyz bütindünýä abadançylygynyň gurluşynyň yzygiderli özgerýän şertlerinde Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň arasynda altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiligini artdyrmak, ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasynda raýdaşlyk, agzybirlik, özara goldaw ruhuny saklamak hem-de pugtalandyrmak başlangyjyny öňe sürdi.

Döwlet Baştutanymyzyň senagat hyzmatdaşlygynyň, ýurtlarymyzyň çäklerinde biri-biriniň üstüni ýetirýän önümçilikleri döretmegiň möhüm ugurlar bolup durýandygyna aýratyn üns çekmeginde ykdysady taýdan bitewüleşmek strategiýasynda döwrüň talaplaryndan ugur alynýandygyny görmek bolýar. Munuň özi Türkmenistanyň ýönekeý söwda gatnaşyklaryndan önümçilik integrasiýasyna we tehnologik ösüşe geçmäge uly ähmiýet berýändigini görkezýär. Ýurdumyz sanly özygtyýarlylygy gazanmazdan, XXI asyrda dünýä giňişliginde bäsdeşlige ukyplylygyň mümkin däldigini öňe sürýär. Hut şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz sammitde eden çykyşynda çaltlandyrylan tehnologik ösüş üçin şertleri döretmegi, emeli aňy ornaşdyrmagy, bu görkezijiler boýunça dünýäde bäsdeşlige ukyply orunlara çykmagy sebit hyzmatdaşlygynda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitledi. Daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalaryna Merkezi Aziýada we Azerbaýjanda bilelikdäki taslamalara gatnaşmagy teklip etmek, munuň üçin amatly şertleri döretmek bu ugurdaky öňdengörüjilikli başlangyçlaryň ýene biridir. Türkmenistan tarapyndan halkara tehnologik we innowasion hyzmatdaşlygyň höweslendiriji şerti hökmünde «Akylly» şäherler diplomatiýasynyň» öňe sürülmegi hem hut şeýle ýörelgelerden ugur alýar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda beýan edilen garaýyşlaryň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde giňişleýin esasda ara alnyp maslahatlaşylmagy Arkalaşygyň çäklerinde sanly we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň uly mümkinçilikleriniň bardygyny görkezdi. GDA-nyň çäklerindäki makroykdysady görkezijiler dostlukly ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň geoykdysady bähbitler bilen berkidilýändigini görkezýär. Şu ýyl Arkalaşygyň çäklerinde özara hasaplaşyklarda milli pul birlikleriniň paýynyň taryhda iň ýokary derejä ýetendigi hem bu hakykaty aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Munuň özi Türkmenistanyň durnukly we daşarky şertlere bagly bolmadyk ykdysady binýady döretmek bilen bagly başlangyçlarynyň Arkalaşykda ileri tutulýan ugurlaryň biridigini aňladýar. Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta multimodal geçelgeler boýunça ýükleriň daşalyşyny has-da artdyrmakda gazanylýan üstünlikler hem Türkmenistanyň 2029-njy ýyly «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ulag arabaglanyşygynyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň derwaýyslygyny äşgär edýär.

Dünýä gün tertibiniň we sebitiň abadançylygynyň ýörelgelerinden ugur alyp, Türkmenistan ýokary derejede Hazar ekologiýa sammitini geçirmegi teklip etdi. Sammitiň mejlisinde Hazarýaka döwletleriň Baştutanlary howanyň üýtgemegini, Hazar deňzine guýýan derýalaryň suw akymynyň azalmagyny hem-de artýan antropogen täsirleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda öňe süren Hazar ekologiýa başlangyjy Awazada geçirilen sammitde anyk institusional binýada eýe boldy. Kenarýaka ýurtlaryň Hökümet Baştutanlarynyň orunbasarlarynyň derejesinde Hazar deňziniň meseleleri boýunça topary döretmegiň we onuň ilkinji mejlisini 2027-nji ýylyň birinji ýarymynda Azerbaýjanda geçirmegiň bellenilmegi, Hazar ekologiýa sammitiniň hemişelik hereket edýän platforma öwrülmegi, Hazar deňziniň suw serişdelerini goramagyň döwletara maksatnamasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyjyň öňe sürülmegi Ýewraziýanyň bitewi ekologiýa strategiýasyny döretmekde taryhy ädimlerdir.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň oktýabr aýynyň ilkinji on gününde bolup geçen taryhy wakalar hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda, Garaşsyz Türkmenistanyň özygtyýarly ösüşiň ýolunda ynamly öňe barýandygyny görkezýär. Şanly ýylyň taryhy wakalary biziň ählimize has-da yhlasly zähmet çekmäge, belent maksatlara ynamly ymtylmaga we halklarymyzyň abadançylygy üçin döretmäge, gurmaga ylham berýär. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eziz Watanymyzyň abadançylygyna, halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilen döwletli işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn!

Saparmyrat OWGANOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.