Gözel paýtagtymyzdaky Maslahat köşgüniň giň döwresinde geçirilen döwletli maslahat halkymyzyň däp-dessurlarynyň, asylly ýol-ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändigini ýene bir gezek tassyklady. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýurdumyzyň durmuşynda wajyp waka, şanly taryhymyzda möhüm sahypa öwrüldi. Bu maslahat garaşsyz ösüşiň çärýek asyry aşan şanly menzillerine nazardyr, nurana geljegiň çelgisidir.
Türkmeniň uly toýa başlamazdan öň, ulusyna sala salmasy bardyr. Agyz birikdirip, bitirilen ýa öňde duran işleri birin-birin, ähli jikme-jikligi bilen kesgitlemesi bardyr. Özi-de ol toý ruhunda geçýändir. Ol maslahat toýudyr, döwletlilik toýudyr. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda geçen ýyllaryň içinde ýurdumyzda ägirt uly işler amala aşyryldy. Ähli ugurlary öz içine alýan, biziň her birimizi bagtyň gujagyna ataran, döwletimize şan-şöhrat getiren işler örän kän. Ol işleri ýekän-ýekän sanap çykmak mümkin däl. Şeýle işleriň netijesinde halkymyzyň hal-ýagdaýy barha ýokarlanýar, beýik maksatlara barylýan ýollar has aýdyňlaşýar.
Hormatly Prezidentimiziň maslahatda eden çykyşy, hakykatdan-da, maksatnamalaýyn çykyş boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen döwletiniň içeri hem daşary syýasatda gazananlary, şonuň bilen aýrylmaz baglanyşyklylykda, dünýä dolan at-abraýy hakynda aýtdy. Bitirilen işlere, ýetilen sepgitlere çuňňur seljerme bermek bilen, ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, ruhy-medeni babatda mundan beýläkki ösüş ugurlaryny kesgitledi. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy has belent derejelere ýetirmek barada aýdanlary, elbetde, türkmen topragyndaky ägirt uly mümkinçiliklere, halkymyzy diňe ösüşiň ýoly bilen alyp gitmegiň beýik başlangyçlaryna esaslanýar. Maslahatda kabul edilen çözgütler halkymyz üçin mundan-da eşretli durmuşy gazanmaga, gazanylanlary berkitmäge gönükdirilendir. Bu çözgütleriň üstünlikli amala aşyrylmagynyň ýurdumyzyň umumy ösüşlerinde iňňän möhümdigine şek-şübhe ýokdur.
Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararlary bilen tassyklanan möhüm resminamalarda ýurdumyzyň geljekki ösüş ugurlary aýdyňlaşdyrylýar. Şunda ykdysadyýetini düýpli senagatlaşdyrmak, ýokary tehnologiýaly önümçiligi giňeltmek, ýaşlaryň döredijilik we ylmy mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, adam hukuklarynyň goraglylygyny kämilleşdirmek, Bitaraplygyň halkara hukuk mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak döwrüň talaby hökmünde orta çykýar. Şoňa görä-de «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030-2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy», «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» milli konsepsiýasy, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy, «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026-2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» ýaly wajyp resminamalaryň tassyklanmagy ösüşiň indiki tapgyrynyň ykdysady, jemgyýetçilik we ruhy binýadyny pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir.
Ýurdumyzda ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak babatda dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. «At münen alysy gözlär», «Ata çykan beýik bolar» diýen jümläniň manysyna aňyrýany bilen düşünýän türkmen halkymyz gadymy döwürden bäri bedew atlara hormat goýupdyr. Ýurdumyzda ahalteke bedewleri ösdürip ýetişdirmek, olaryň baş sanyny artdyrmak boýunça birnäçe işler alnyp barylýar. Ählihalk forumynda hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna gol çekmegi bu ugurdaky işleriň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň mysalyna öwrüldi.
«Beýikleriň heýkelini daşlar däl-de, beýik işler emele getirýär» diýilýär. Hut şonuň ýaly, olaryň at-abraýy hem bitiren beýik amallarynyň miwesidir. Çünki bu hakykatyň öz halkyny aýgytly gadamlar bilen röwşen geljege sary ynamly alyp barýan hormatly Prezidentimiziň her bir ädimde watansöýüjiligiň belent nusgasyny görkezýändigi bilen baglanyşyklydygyny biz hemişe bütin durkumyz-düýrmegimiz bilen duýýarys. Hormatly Prezidentimiziň üstünlikli amala aşyrýan özgertmeleriniň, geçirýän Hökümet mejlisleriniň hem iş maslahatlarynyň, ozaly bilen, il abadançylygy, ýurt parahatçylygy, Watan berkararlygy bilen berk baglydygyna bolsa biz mydama ýakyndan şaýat bolup ýörüs. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň sentýabr aýynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hem bu belent hakykat aýdyň şöhlelendi. Munuň üçin bagtyýar il-ulsumyzyň hormatly Prezidentimize alkyş-hoşallygy egsilmezdir.
Şeýle taryhy wakalar merdana halkymyza ruhy joşgun, egsilmez güýç-gaýrat berýär, milletimizi belent maksatly ýolda ösüşiň rowaçlygyna tarap batly gadam urmaga ruhlandyrýar. Bu bolsa döwletimiziň hem jemgyýetimiziň ösüşleriniň ilerlemegine, täze sepgitlere ýetilmegine, beýik işleriň amal edilmegine uly esasdyr.
Bagtyýar halkymyz üçin şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän, berkarar döwletimizi ösüşleriň täze sepgitlerine besleýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Didar OSMANOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri, welaýat Halk Maslahatynyň agzasy.