Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

  • ABADANÇYLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÝOLUNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ MÜMKINÇILIKLERI

    Dünýäniň çalt...

  • MILLI SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNYŇ DÖWREBAP ÖSÜŞLERI

    Ynsan...

  • BILELIKDÄKI TAGALLALAR ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ BÄHBIDINE

    «Aw...

  • DÖWLETLI MASLAHATDAN SOŇKY OÝLANMALAR

    Gözel...

  • TELEKEÇILIK ÝURDUMYZYŇ YKDYSADY KUWWATYNYŇ DAÝANJYDYR
    Garaşsyz, baky...
  • Dowamy

MILLI SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNYŇ DÖWREBAP ÖSÜŞLERI

Ynsan saglygyny goramak, jemgyýetiň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň abadan hem-de sagdyn ýaşaýşyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen we üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzda dünýä derejesindäki lukmançylyk infrastrukturasyny döretmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Häzirki döwürde bu ugurdaky giň gerimli taslamalar diňe bir paýtagtymyz Aşgabatda däl-de, eýsem ýurdumyzyň welaýatlarynda we iň çetki etraplarynda hem yzygiderli durmuşa geçirilýär.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda giňden bellenilen Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen paýtagtymyzda kuwwatly lukmançylyk merkezleriniň birbada üçüsi ulanmaga berildi. Bu ajaýyp desgalar — 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi, täze Stomatologiýa merkezi hem-de 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkezidir. Öňdebaryjy tehnologiýalar, innowasion çemeleşmeler, sanly ulgamlar bilen enjamlaşdyrylan bu merkezler dünýäniň öňdebaryjy merkezleriniň, halkara guramalarynyň güwänamalara we şahadatnamalaryna mynasyp boldy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda milli balneologiýanyň asylly däplerini we düýpli ylmyň gazananlaryny özünde jemleýän meşhur «Arçman» şypahanasynyň 400 orunlyk täze bejeriş-lukmançylyk binalar toplumynyň açylmagy ýurdumyzyň saglygy goraýyş kuwwatyny täze derejä çykardy.

Döwletimiziň saglygy goraýyş strategiýasynyň iň esasy aýratynlyklarynyň biri hem diňe bir ýurdumyzyň paýtagtynda däl, eýsem, sebitlerdäki ilatyň ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen doly üpjün edilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Ýakynda Mary welaýatynda gurlup döwrebaplaşdyrylan we iň zerur lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen Mary şäheriniň 1-nji saglyk öýüniň ulanmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şu ýylyň 23-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda häzirki wagtda Aşgabat şäher köpugurly hassahanasynyň, paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda saglyk öýüniň, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde etrabara köpugurly hassahananyň, Daşoguz şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň gurluşygynyň alnyp barylýandygy, ýakyn wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda 50 sany oba saglyk öýleriniň we oba saglyk merkezleriniň düýbüniň tutuljakdygy, şeýle hem ýurdumyzyň Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynda halkara derejeli onkologiýa merkezlerini, Daşoguz welaýatynda Inçekesel hassahanasyny, Mary şäherinde welaýat köpugurly hassahanasyny, Gyzylarbat, Köneürgenç, Kerki, Ýolöten etraplarynda etrabara köpugurly hassahanalary gurmagyň meýilleşdirilýändigi hakynda aýdanlary bagtyýar ildeşlerimiziň kalplaryny buýsanja besledi.

Bu giň gerimli özgertmelerde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň — ýerli gurluşyk kompaniýalarynyň we hususy telekeçileriň orny aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Häzirki wagtda döwletimiziň goldawy we döredip berýän giň mümkinçilikleri netijesinde ýerli gurluşykçylarymyz diňe bir ýaşaýyş jaýlaryny däl, eýsem, iň çylşyrymly inženerçilik desgalaryny, lukmançylyk binalaryny gurmakda ýokary hünär ussatlygyny görkezýärler. Sebitleri durnukly ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, Gyzylarbat, Köneürgenç, Kerki we Ýolöten etraplarynda gurulmagy meýilleşdirilýän etrapara köpugurly hassahanalaryň gurluşyk işleri hut milli gurluşyk kärhanalarynda we hususy telekeçilere ynanyldy. Bu bolsa türkmen gurluşykçylarynyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary seýsmiki durnukly we innowasion desgalary bina etmäge doly ukyplydygyny, ýurdumyzyň gurluşyk pudagynyň we hususy işewürligiň kuwwatynyň yzygiderli artýandygyny görkezýär.

Şanly seneler mynasybetli paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda açylyp ulanmaga berlen ýokary tehnologiýaly hassahanalar hem-de döwrebap şypahana toplumlary halkymyzyň saglygyny we abadançylygyny üpjün etmek ugrundaky beýik maksatlara hyzmat edýär. Ýerli gurluşykçylar tarapyndan Diýarymyzyň sebitlerinde bina edilýän durmuş we saglygy goraýyş desgalary halkymyzyň durmuş abadançylygyny berkitmek bilen bir hatarda, «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgämiziň iş ýüzündäki dabaralanmasydyr. Halkymyzyň bagtyýar hem abadan durmuşynyň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt we umumadamzat bähbitli işleri mundan beýlägem rowaç bolsun!

Baýrammyrat ATAÝEW , Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.