Halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda dowam edip gelýän asylly ýörelgeleri bar. Olaryň biri hem pähimdar pederlerimize geňeşmek, maslahatlaşmak ýaly ýörelgeleri kämilleşdirip gelipdir. Bu ýörelgeler agzybirligiň, döwletliligiň asylly nusgasy bolupdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde halkymyzyň asylly ýörelgeleri, milli demokratik ýoly ösdürilýär. Munuň özi ähli ildeşlerimizi buýsandyrýar.
Häzirki ajaýyp döwrümizde milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we döwrebap ösdürilýär Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem döwletlilik ýörelgesi bolup, döwletiň we jemgyýetiň halk bähbitli işlerini pugtalandyrmakda berk binýat bolup durýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda berkarar ýurdumyz ösüş ýoly bilen öňe barýar. Jemgyýeti işjeňleşdirmek we kämilleşdirmek, ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler halkymyz tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Şeýle hem halk bähbitli işler barha rowaçlanýar, bedew batly ösüşler has-da belent derejelere ýetýär. Bu beýik işleri dowamly alyp gitmek, röwşen geljegimizi üpjün etmek esasy ugurlaryň biridir. Şunda halk bilen geňeş etmek, döwletli çözgütleri kabul etmek asylly maksatdyr. Bu milli ýörelgäniň esasynda Halk Maslahatynyň ähmiýeti has-da aýdyň bolýar. Çünki häzirki döwürde döwletli başlangyçlar, halk bähbitli işler ýurdumyzyň belent üstünliklerini rowaçlandyrýar.
Ata-babalarymyzyň döwlet gurmakda toplan baý tejribesine daýanyp, türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklaryny öz içine alýan milli döwletliligiň özboluşly nusgasyny kemala getirmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň öz ösüşinde täze belentliklere çykmagy bilen şertlendirilen özgertmeleriň ýurdumyzy mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga gönükdirilýändigini biziň her birimiz üçin buýsançly ýagdaýdyr. Munuň özi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, halkyň bähbidine esaslanýandygyny aýdyň beýan edýän ugurlardyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistanyň täze taryhy eýýamynda döwletiň depginli ösüşini üpjün etmegiň bähbidine amala aşyrylýan özgertmeleriň berk binýady döredilýär. Taryhy ähmiýetli başlangyçlar hem milli ýörelgeleriň esasynda kemala gelýär. Munuň özi halkyň arzuwlarynyň hasyl bolmagydyr.
Mälim bolşy ýaly golaýda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki çykyşynda şeýle belledi: «Halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýar. Şeýle-de ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak hemişe üns merkezinde bolmalydyr». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ýurdumyzyň ösüşlerine halk köpçüligini işjeň çekmek , ildeşlerimiziň tekliplerini durmuşa geçirmek asylly ýörelgedir.
Köňülleri ýürekleri birleşip, demokratik, hukuk we dünýewi döwlet guran türkmen halky ösüşiniň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Rowaçlyklara beslenýän ýurdumyzda toýdur baýramlar goşa-goşadan gelýär. Ykbaly göterilen türkmen şu şanly ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuny ruhubelentlik bilen bellär. Häzirki wagtda döwletimiziň Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakasy bolan bu ählihalk forumda ýurdumyzyň dürli kärdäki, hünärdäki raýatlarynyň, jemgyýetçiligiň dürli ugurlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda jemgyýetçilik we döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşylar.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul ediljek resminamalar berkarar ýurdumyzyň täze taryhynda ýatdan çykmajak ähmiýetli waka bolup girer. Beýik ösüşlere ýetmegiň ýolunda halkymyzyň mäkäm jebisleşýändigine, türkmen döwletiniň, türkmeniň döwletliliginiň binýadynyň mizemezdigine ýene-de bir aýdyň subutnama bolar. Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmakda, döwleti dolandyrmagyň demokratik ýörelgelerini kämilleşdirmekde, jemgyýetimizi jebisleşdirmekde, türkmen döwletini ösüşiň täze belentliklerine çykarmakda alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Aýbibi NURGYLYJOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň jogapkär işgäri.