Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

ENE SÜÝDI – MÄHIR BULAGY

Halkymyzda çaga terbiýesine, onuň sagdyn hem-de akyl-huşly perzent bolup ýetişmegine aýratyn uly üns berilýär. Çaga terbiýesi babatynda aýdylýan halk rowaýatlarynda ene mähriniň çaga üçin aýratyn uly ähmiýete eýedigi bellenilýär. Çaga terbiýesinde hem maşgalada enäniň ornunyň örän uly bolup durýandygy aýdylýar. Pederlerden gelýän milli ýol-ýörelgelerimiz bu günki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara ähmiýetli möhüm başlangyçlar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Munuň şeýledigini Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň ýakynda paýtagtymyzda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen bilelikde diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak ulgamlaryny berkitmek boýunça ýokary derejeli «tegelek stol» maslahatynyň ähmiýetini bellemek möhümdir. 

Bilşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip düzülen we kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda ýaş nesliň saglygyny goramak babatynda birnäçe wezipeler kesgitlenilendir. Öňde goýlan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde kabul edilen milli we halkara derejeli strategiýalar bu günki gün enäniň we çaganyň saglygyny goramak babatynda tagallalarda birleşýär. Türkmenistanda eneligi we çagalygy goramak boýunça «Sagdyn ene – sagdyn çaga – sagdyn geljek» atly 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama bu ugurda alnyp barylýan işleriň hukuk we amaly binýadyny emele getirýär. Bu strategiýa çaga lukmançylygyny ösdürmäge, keselleri anyklamagyň innowasion usullaryny ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga we maşgala institutyny goramaga gönükdirilendir. Ýurdumyz boýunça ýokary tehnologiýaly lukmançylyk infrastrukturasynyň döredilmegi döwletimiz tarapyndan ýaş nesiller barada edilýän aladanyň netijesidir. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň oktýabr aýynda Daşoguz şäherinde 400 orunlyk welaýat enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň binasynyň düýbüniň tutulandygyny bellemek diýseň buýsançlydyr.

Ýurdumyzda ene süýdi bilen iýmitlendirmek meselesine aýratyn ähmiýet berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu babatda ýaş eneleriň arasynda birnäçe wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli guralýar. Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda ýurdumyzda «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hereket edýär. Bu babatda geçirilen ýokary derejeli «tegelek stol» maslahatynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň öz çykyşynda: «Çaganyň ömrüniň ilkinji alty aýynda ony diňe ene süýdi bilen iýmitlendirýän eneleri goldamagy güýçlendirmek boýunça milli çäreler bu tagallalaryň möhüm bölegidir. Ene süýdi bilen iýmitlendirilýän çaga beden we ruhy taýdan hemişe enesine ýakyn baglanyşykda bolýar. Ol enesiniň ýürek urşuny, mähirli sesini eşidýär, elleriniň ýylysyny duýýar we enelik söýgüsi bilen gurşalýar. Şeýle ýakynlyk çaganyň nerw, endokrin ulgamlarynyň ýaşyna laýyklykda dogry ösmegine, ähli beden agzalarynyň kadaly kemala gelmegine ýardam edýär» diýip belledi. Hakykatdanam, ene süýdi perzent üçin gymmatly iýmit çeşmesi. Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça halkara derejede amala aşyrylýan işler milli ýörelgelerimiz bilen hem utgaşýar. Türkmen maşgalasynda çagany ene mähri bilen gurşamak, ony ak süýt bilen iýmitlendirmek döwletlilik hasaplanýar. Perzent üçin bolsa ene süýdi belent mukaddeslikleriň biridir. 

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli gymmatlyklarymyzyň, ýörelgelerimiziň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, bu işleriň halkara derejede öňe sürülýän belent maksatlar bilen utgaşmagy has-da buýsandyryjydyr. Berkarar döwletimizde amala aşyrylýan şeýle döwletli tutumlaryň rowaçlanmagy üçin ägirt uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Gülden görkli eziz Watanymyzda hemişe çaga gülküsi, ene alkyşy belentden ýaňlanyp dursun! 

Gözel BARLYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.