Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen halkynyň müňlerçe ýyllyk ösüş ýolunyň beýikligini, dünýä derejeli şan-şöhratyny gaýtadan ýüze çykaran aýratyn ähmiýetli döwürdir. Bu döwürde döwlet durmuşynda-da, jemgyýetçilik durmuşynda-da birnäçe oňyn özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Durmuşyň özgerýän şertleri adamlaryň aň-düşünjesine, garaýyşlaryna belli bir derejede özüniň oňaýly täsirini ýetirýär. Garaşsyz ösüşimiziň anyk maksatnamalary, ýurdumyzyň syýasatynda, ykdysadyýetinde, medeni-ynsanperwer ýörelgelerinde anyklygyň we kesgitliligiň ýüze çykmagy halkyň geljek baradaky ynamyny has-da berkitdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmeleridir maksatnamalary häzirki döwürde döwleti dolandyrmagyň syýasy-jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady ugurlarynda örän netijeli tejribe hökmünde nusgalyk ösüş ýoluna öwrüldi. Soňky ýyllarda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler ildeşlerimizde uly buýsanç duýgusyny döredip, täze maksatlara ýetmäge ruhlandyrýar. Rowaçlyga beslenýän döwletli tutumlary bütindünýä görýär we ykrar edýär. Ösüşlerimiziň durnukly häsiýete eýedigini ykdysadyýetiň pudaklarynda ýerine ýetirilýän işleriň oňyn netijelerinden hem görmek bolýar. Munuň özi öňde duran wezipeleri mundan beýläkde üstünlikli çözmek üçin ygtybarly we mäkäm binýatdyr.
Hormatly Prezidentimiz turuwbaşdan «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygary öňe sürüp, ähli ulgamlarda Milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň döwleti dolandyrmakda, ýurdumyzy ösdürmekde maksada okgunlylygy hem-de syýasy öňdengörüjiligi, halkymyza ynamy we söýgüsi Garaşsyz Watanymyzy ynamly ösüş ýoluna çykarmaga mümkinçilik berdi. Döwlet esaslarynyň pugtalandyrylmagy, halkyň bagtyýar, abadan durmuşynyň üpjün edilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda alnyp barylýan içeri syýasatymyzyň ileri tutulýan strategik ugurlarydyr. Bu günki günde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmagyň ýollary kesgitlenildi we ýurdumyzyň ähli sebitlerinde toplumlaýyn özgertmeler ýaýbaňlandyryldy. Diýarymyzy ösüşleriň täze belentliklerine çykarýan köp sanly iri taslamalar durmuşa geçirilip, döwrebap ýaşaýyş jaý toplumlary, medeni-durmuş, senagat maksatly desgalaryň ýüzlerçesi ulanmaga berildi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz özgertmeler maksatnamalarynyň we meýilnamalarynyň durmuş ugurly bolmalydygyna aýratyn ünsi çekýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, durmuş ulgamy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugrudyr. Ýurdumyzyň bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek ykdysady we durmuş ugurlarynyň durnukly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Şoňa görä, milli ykdysadyýetimizde özgertmeleri amala aşyrmak, onuň tapgyrlaýyn esasda bazar gatnaşyklaryna geçirilmegini üpjün etmek, sanlylaşdyrmak, ýokary tehnologiýaly binýady berkitmek, senagat pudagyna ägirt uly maýa goýum serişdelerini gönükdirmek babatdaky işler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen utgaşyklylykda alnyp barylýar. Şu maksada ýetmek üçin Türkmenistanda ägirt uly işler amal edilýär. Muny biz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda alnyp barylýan beýik işleriň mysalynda hem aýdyň görýäris.
Döwletiň ähli ugurlarda alyp barýan syýasaty, ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine ýolbaşçylyk edýän dolandyryş, guramaçylyk düzümleriniň işleri, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny kadalaşdyrýan kanunçylyk, hukuk ulgamynyň işi jemgyýet bolup ýaşamagyň ilkinji şerti hasaplanýar. Şunuň bilen birlikde, döwletiň wezipe çygrynda raýatlaryň aňyýet, ruhy sazlaşygy baradaky tagallanyň möhüm ornunyň bolmalydygyny «maglumatlar asyrynyň» ösüş ýagdaýlary aýdyň görkezýär. Munuň özi adamzat jemgyýetiniň geljeginiň kepilligini üpjün etmek derejesindäki jogapkärli wezipe bolup durýar. Döwletiň, tutuş ýurduň, jemgyýetiň maksada okgunly, kadaly ösüş ýoluny dowam etdirmegiň esasy şerti döwlet bilen halkyň arasyndaky jebislik bolýan bolsa, döwletiň daşary syýasatynyň netijeliligi hem her bir ýurduň jemgyýetçilik, syýasy, durmuş taýdan durnuklylygyna köp derejede baglydyr. Şoňa görä-de, döwletiň alyp barýan medeni-ynsanperwer syýasaty derwaýys ugurdyr.
Umuman, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oňyn başlangyçlarynyň, giň gerimli meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, döwlet gurluşynda we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda alnyp barylýan düýpli özgertmeleriň aýdyň netijeleri ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmegiň, halkara giňişlikde eýeleýän ornunyň has-da pugtalandyrylmagynyň baş şertini emele getirýär. Goý, ata Watanymyzy täze belentliklere tarap ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik başlangyçlary mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Didar OSMANOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri, welaýat Halk Maslahatynyň agzasy.