Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

GARAŞSYZ WATANYMYZYŇ DÜNÝÄ NUSGALYK ÖSÜŞLERI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybir halkymyz ata-babalarymyzyň arzuwlan zamanasynda eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän döwletli işleriniň netijesinde şöhratly taryhymyzyň şanly sahypalary ýazylýar. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen çuňňur mazmunly şygary ýörelge edinip, halkymyzy jebislikde we agzybirlikde belent sepgitlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary rowaçlyklara beslenýär. Gurmak hem döretmek ýolunda ilerläp, halkara giňişlikde parahatçylygy, ynanyşmagy, ynsanperwerligi, hoşniýetli hyzmatdaşlygy, dost-doganlygy berkidýän Garaşsyz Türkmenistanyň şan-şöhraty dünýä dolýar. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary esasynda halkymyzyň bolelin durmuşyny üpjün etmek üçin giň gerimli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda eziz Diýarymyzyň çar ýanynda önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň ýüzlerçesi gurlup, bagtyýar halkymyzyň hyzmatyna berildi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda uly dabaralar bilen bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy, raýatlaryň hukuk kepillikleriniň berkidilmegi, jemgyýetimizdäki ruhy ýokary göteriliş we döredijilik işjeňligi täze taryhy döwrüň belent maksatlarynyň myradyna gowuşýandygyny äşgär edýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen eziz Watanymyzda beýik ösüşleriň täze tapgyryna badalga berildi. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ykdysadyýetiň pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeler, ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we beýleki ulgamlaryň döwrebaplaşdyrylmagy, durmuş düzümleriniň kämilleşdirilmegi eziz Diýarymyzyň häzirki zaman keşbiniň kemala gelmegini şertlendirip, raýatlarymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna jemgyýetimiziň ruhy kämilliginiň berkarar bolmagyna, döredijilik, aň-paýhas mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine kuwwatly itergi berýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň syýasy we ykdysady giňişligindäki ornuny berkitmäge gönükdirilen binýatlaýyn taslamalar umumadamzat ähmiýetli işler bilen sazlaşykly durmuşa geçirilýär. Bu günki günde Türkmenistan durnukly ykdysadyýeti, kuwwatlanan senagaty we gülläp ösýän hususy pudagy bolan döwlet hökmünde tanalýar. Bu üstünlikleriň we özgerişleriň esasynda bolsa dogry saýlanyp alnan ykdysady strategiýa hem-de halkyň agzybirligi ýatýar. Garaşsyzlyk döwründe Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň iň uly üstünlikleriniň biri — onuň diwersifikasiýalaşdyrylmagy boldy. Ýurdumyz dünýäde iň iri tebigy gaz gorlaryna eýe bolup, bu baýlygy halkara bazaryna çykarmak üçin ägirt uly taslamalary durmuşa geçirdi. Munuň aýdyň mysaly hökmünde Hytaýa we beýleki goňşy döwletlere çekilen gaz geçirijilerini, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny görkezmek bolar. Şonuň bilen birlikde, içerki bazarda diňe çig mal eksporty däl, eýsem, ony gaýtadan işläp, taýýar önüm öndürmäge uly üns berildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda «Türkmenistanda öndürildi» diýen belgi bilen çykarylýan önümler diňe bir içerki bazary üpjün etmän, eýsem, daşary ýurtlarda hem uly islege eýe bolýar. Dokma senagaty, gurluşyk serişdeleri we azyk önümçiligi halkara ülňülerine laýyklykda ösdürilýär. Döwlet tarapyndan ýola goýlan eksportyň göwrümini artdyrmak we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek baradaky maksatnamalar bu ugurdaky işleri has-da çaltlandyrdy. Ykdysady ösüşiň iň esasy hereketlendiriji güýçleriniň biri hem kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegidir. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegi we onuň agzalaryna döwlet tarapyndan berilýän giň goldawlar hususy bölegiň gysga wagtyň içinde uly sepgitlere ýetmegine getirdi. Telekeçiler häzirki wagtda diňe bir täjirçilik bilen çäklenmän, eýsem, iri gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirýärler, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün edýän önümçilik desgalaryny we dökün zawodlaryny dolandyrýarlar. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy, Aşgabat şäheriniň täze ýaşaýyş toplumlary, Arkadag şäheriniň gurluşygy hut ýerli telekeçilerimiziň ukyp-başarnygynyň netijesidir. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan özüniň ykdysady garaşsyzlygyny we durnuklylygyny doly subut etdi. Senagatyň döwrebaplaşdyrylmagy we hususy telekeçiligiň batly gadamlar bilen ösmegi ýurdumyzyň geljegine bolan ynamy has-da berkidýär. Bu gün Türkmenistan — parahatçylygyň, durnukly ykdysady ösüşiň we beýik tutumlaryň ýurdydyr. Berkarar Watanymyzyň taryhy ösüşiniň täze tapgyrynda döwlet Baştutanymyzyň daşyna jebisleşen agzybir halkymyzyň ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerini, milli däp-dessurlarymyzy dowamata besläp, bagtyýarlygyň röwşen ýolunda ynamly gadamlar bilen ilerleýän zamanasynda bitirilýän beýik işler dünýä nusgalykdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli işlerini has-da rowaçlandyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň häzirki we geljekki nesilleriň eşretli durmuşyna gönükdirilen tagallalary her bir raýatyň kalbyna bagtyýarlyk eçilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň syýasy we ykdysady giňişligindäki ornuny berkitmek, halkymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmek ugrunda beýik işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Guwanç BALLYÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň umumy bölüminiň maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni.