Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

BAGTYÝAR GELJEGIŇ WE SAGDYN DURMUŞYŇ BÄHBIDINE

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir gün halkyň abadan hem bagtyýar durmuşyny üpjün edýän ajaýyp wakalara beslenýär. Ýurdumyzda her bir adamyň beden we ruhy taýdan sagdynlygyny gazanmakda durmuşa geçirilýän işler dünýä nusgalykdyr. 

        Halkymyzyň iň gymmatly baýlygy bolan saglygy barada hemmetaraplaýyn alada etmek döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde ynsan saglygyny goramakda, ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde we sagdyn bedenli adamlar edip ýetişdirmekde uly işler amala aşyrylýar.

       Güneşli Diýarymyzda saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny ösdürmekde, raýatlaryň saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda, köpçülikleýin bedenterbiýäni ýaýbaňlandyrmakda döredilýän mümkinçilikler bimöçberdir.

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş we şypahana sagaldyş ulgamy uly ösüşlere eýe bolýar. Muny Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän dermanlyk dury suwy bilen ady dünýä ýaýran «Arçman» şypahanasynda täze, döwrebap bejeriş merkezleriniň binalar toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berilmegi hem aýdyň subut etdi.

       Şanly açylyş dabarasyna Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut öziniň gatnaşmagy, bu taryhy wakanyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Ahal welaýatynyň gözel tebigatynyň goýnunda ýerleşýän bu täze bejeriş merkeziniň ulanylmaga berilmegi, watandaşlarymyzyň saglygyny berkitmekde, uly ädime eýe bolar.

Ata babalarymyzyň «Ähli zadyň sakasy saglyk», «Saglygym – baş baýlygym», «Saglyk bolsa beglik bolar» diýen pähimlerinden ugur alyp, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň uly tagallalary bilen Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Gurlup ulanylmaga berilýän saglygy goraýyş merkezleri, hassahanalar, şypahanalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri, dürli sport desgalary ýurdumyzda baş baýlygyň halkyň saglygy bolup durýandygyny aýdyň görkezýär. Döwrebap şypahanalar, sport desgalary we sagaldyş merkezleri halkymyzyň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil bolmagyny üpjün edýär. Çünki sagdyn millet güýçli döwletiň, bagtyýar geljegiň we synmaz kuwwatyň berk binýadydyr diýip belleýär.   

    Halkymyzyň saglygyny berkitmek, ilata hödürlenýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini yzygiderli ýokarlandyrmakda giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň aýdyň subutnamsy hökmünde, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyz Aşgabatda döwrebap lukmançylyk toplumlary – Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi, Stomatologiýa merkezi we halkara pediatriýa merkezi dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi. Döwlet tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler, gurlup ulanmaga berilýän döwrebap saglygy goraýyş edaralary lukmançylyk ylmynyň gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy halkymyzyň saglygyny goramak ugrunda alnyp barylýan işleriň aýdyň beýanydyr. 

      Ýurdumyzyň günbatar sebiti bolan Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde durky täzelenen welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, şeýle-de welaýat gan bankynyň, patalogik anatomiýa we kazyýet lukmançylyk edaralarynyň binalarynyň açylyp ulanylmaga berilmegi saglygy goraýyş hyzmatlaryny ýokary derejä ýetirip, halkyň bagtyýarlygyny, nesilleriň sagdynlygyny gazanmagyň berkarar döwletimiziň baş maksady bolup durýandygynyň kepilidir. 

      Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň saglygyny goramak, milli saglygy goraýyş ulgamyny dünýä derejesine çykarmak ugrunda alyp barýan tutumly işleri geljekde-de üstünliklere beslenip, täze ösüşlere badalga bersin!    

   Türkmenistan ýurdumyzyň şan-şöhratyny belende götermekde, halkymyzyň saglygyny gorap, ruhybelentlikde we bagtyýarlykda ýaşamagy ugrunda döredilýän mümkinçilikleri üçinGahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Gülsoltan ALLAGULYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy