Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BERK BINÝADY— HALKYŇ BAGTYÝARLYGY

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp, 10-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýuna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. 15-nji iýulda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisinde bu şanly senä we möhüm taryhy waka ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň wajyp meselelerine garaldy. Häzirki wagtda Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görülýär.

Geňeşmek, ählihalk maslahatyny geçirmek, halkylyk — döwlet, jemgyýet, şahsyýet gatnaşyklarynyň sazlaşygynyň, bitewüliginiň şöhlelenmesi. Halkyň işjeň gatnaşmagynda geçirilýän ählumumy maslahatlar arkaly ýurduň durmuş, ykdysady ösüşini üpjün etmek wezipesi döwletimiziň demokratik, hukuk gurluşynyň ýörelgelerinden ugur alýar. Agzybirlikde, köpçüligiň parasadyna we tejribesine daýanylyp kabul edilen çözgüt, ilkinji nobatda, adamyň hukuklaryny, bähbitlerini ilerledýär. Ikinjiden bolsa halkyň şol çözgütlerden gelip çykýan borçlary babatdaky jogapkärçiligini berkidýär. Pederlerimiziň «Är ýagşysy ile geňeşer», «Il gözi — terezi», «Geňeşli salamat bolar», «Iliň agzy bir bolsa, dagy goparar» ýaly paýhasly sözleriniň özeninde jemgyýetiň syýasy işjeňligi, raýdaşlygy, ile-ýurda wepadarlygy jemlenýär. Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Goç ýigide toýdur-baýram,  Her iş gelse il biläni» diýmek bilen, her bir ynsanyň bagtynyň Watanyna edýän hyzmatyndan, iliniň abadançylygyndan gözbaş alýandygyny nygtaýar.

Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eserinde: «Halk Maslahaty öz mazmuny boýunça ata-babalarymyzyň ýaşululardan maslahat sorap, akyldar, ylymdar, il bähbidini araýan geňeşdarlary ýygnap, karara gelmek ýörelgesi bilen umumy esasy aňladyp, syýasaty öwrenişiň nukdaýnazaryndan alnanda, demokratiýany durmuşa ornaşdyrmagyň bir ugrydyr. Sebäbi munuň özi halkyň wekiliniň döwleti dolandyryş işine gatnaşygy babatda ýokary mümkinçiliklerini görkezýär» diýip nygtaýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi mejlis görnüşinde amala aşyrylyp, onda orta atylan meseleler boýunça çözgütler karar görnüşinde mejlise gatnaşýan agzalaryň umumy sanynyň ýönekeý köplüginiň ses bermegi esasynda kabul edilýär. Maslahatyň kararlary bolsa diňe onuň özi tarapyndan üýtgedilip ýa-da ýatyrylyp bilinýär. Munuň döwlet dolandyryşynyň ähli ugurlarynda oňyn özgertmeleri amala aşyrmakda, halk häkimiýetini berkarar etmekde ähmiýeti uludyr.

Hukuk döwletiniň esasy görkezijileriniň biri bolan demokratiýa halkyň häkimiýeti, ýagny raýatlaryň döwletiň we jemgyýetiň durmuşyny dolandyrmaga giňden gatnaşmagynyň üpjün edilmegi bolup durýar. Çünki her bir karar kabul edilende halkyň bähbitlerinden ugur almak döwletiň iň wajyp wezipesi hökmünde kesgitlenilýär. Hut şu maslahatyň barşynda hem raýatlar toparlarynyň pikirleri, teklipleri öňe sürlüp, ýurduň, halkyň bähbitleri aralmak bilen, garaýyşlaryň bitewüleşmesi netijesinde umumy çözgüde gelinýär. Şunda ýurdumyzyň dürli künjeginden gelen ýaşulularyň, işjeň ýaş nesliň wekilleri özleriniň ilerleýän bähbitlerini öňe sürüp çykyş edýärler hem-de çözgütler kabul edilende seslerini berýärler. Şu ýerde bu syýasy işjeňligiň ähmiýeti barada durup geçsek ýerlikli bolar. Ýurdumyzyň ýerli wekilçilikli edaralarynyň agzalary Konstitusion kanun esasynda degişli dolandyryş-çäk birliklerinde ýurdumyzy ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini guramaga gatnaşýarlar. Şol bir wagtda, olaryň jemgyýetçilik birleşikleri bilen özara gatnaşygy alyp barmagy hem üns berilmäge mynasyp. Bu jemgyýetçilik-syýasy forumyň dowamynda jemgyýetiň hukuk medeniýeti we mejlise gatnaşyjylaryň raýatlyk borjy babatda jogapkärçiligi ýokarlanýar, demokratik, hukuk döwletinde kanunyň hökmürowanlygy ýörelgesi dabaralanýar. Bularyň ählisi raýat, jemgyýet we döwlet gatnaşygynyň sazlaşygyny has-da berkidýär.

Häzirki zaman türkmen jemgyýetine döwrebaplyk, kanunylyk, milli we dünýä tejribesini utgaşdyrmak ýörelgeleriniň mahsuslygy aýdyň ýüze çykýar. Garaşsyzlygymyzyň 35 ýylynyň içinde, şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» maksatlary esasynda ykdysadyýetiň senagatlaşma derejesini ýokarlandyrmak, sanly ykdysadyýeti we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy çuňlaşdyrmak, amatly işewürlik gurşawyny döretmek, ykdysadyýetiň pudaklaýyn ösüşini dowam etdirmek, ekologiýa we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, adam maýasyny ösdürmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini, durmuş goraglylygyny ýokarlandyrmak bilen bagly çärelere aýratyn ähmiýet berildi. Şu ugurlarda üstünlik gazanmak bilen bolsa bazar ykdysady gatnaşyklaryny ornaşdyrmak, syýasy ulgamy demokratiýalaşdyrmak arkaly durmuş-ykdysady ösüşlerimiziň durnuklylygyny üpjün edýäris. Şu bähbitlerden ugur alyp, taryhy tejribä daýanyp, döwrüň ýüze çykarýan meselelerini göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Halk Maslahaty öz işini aýanlyk, adam hukuklaryna hormat goýmak, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak we kabul etmek, jemgyýetçilik pikirini nazara almak, adamyň we raýatyň kanunyň öňündäki deňligi ýaly ýörelgelere esaslanyp alyp barýar. Döwlet derejesinde kabul edilýän kararlar, çözgütler ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesine, abadançylygyna täsirini ýetirýär. Çünki ýurdy ösdürmekde täze özgertmeleri nazarlaýan çözgütler şol ýurduň raýatlarynda aýdyň geljege bolan ynamy berkidýär. Haçan-da jemgyýet döwlet tarapyndan edilýän aladany, döredilýän mümkinçilikleri duýanda, her kim öz ornunda ösüşlere goşant goşmaga, döredijilikli zähmete ymtylýar. Şeýle geňeşmeleri, maslahatlary gurap, birek-biregiň garaýşyna hormat goýmak, özara düşünişmek bolsa tutuş adamzadyň islegidir.

Watanymyzy ähli ugurlarda sazlaşykly ösdürmek, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Enwer BALLYÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy