Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

GARAŞSYZLYK – MILLI BUÝSANJYMYZ

Her bir halkyň taryhynda onuň ykbalyny, geljegini we mertebesini kesgitleýän şanly seneler bar. Türkmen halky üçin iň mukaddes, iň gymmatly we iň eziz baýram — Mukaddes Garaşsyzlyk günüdir. Garaşsyzlyk ýer ýüzünde özbaşdak döwlet bolup dörän merdana halkymyzyň asyrlarboýy kalbynda besläp gelen nurana arzuwlarynyň, erk-islegleriniň amala aşmagydyr. Garaşsyzlyk türkmen halkynyň milli buýsanjy we döwletliligimiziň synmaz binýadydyr.

Ata-babalarymyz özbaşdak döwlet bolmagy, asuda, parahat durmuşda ýaşamagy asyrlar boýy arzuwlap gelipdirler. Garaşsyzlyk biziň milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, asylly ynsanperwer däplerimizi gaýtadan dikeltmäge giň mümkinçilik berdi. Ýaşyl Tugumyz, Döwlet Tugramyz we Mukaddes Gimnimiz biziň milli garaşsyzlygymyzyň, azatlygymyzyň we erkinligimiziň bütin dünýä ýaň salýan mertebämizdir, egsilmez buýsanjymyzdyr. Şeýle mukaddesliklere buýsanmaga, guwanmaga haklydyrys. Çünki döwletimiz 35 ýylyň dowamynda belent sepgitlere eýe boldy, bu bolsa biziň ählimiziň agzybirlikde, jem bolup ýurdumyzyň ösüşlerine goşýan şahsy goşandymyzyň aýdyň subutnamasydyr. Muňa hormatly Prezidentimiziň: «Bu şöhratly döwürde ýurdumyz özbaşdak, garaşsyz, abadançylykly ösüş syýasatyny durmuşa geçirmek, dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni ösüşine mynasyp goşandyny goşmak bilen, ählumumy parahatçylygyň we dostlugyň pugtalandyrylmagy üçin tagallalary birleşdirýän döwlete öwrüldi» diýen ajaýyp jümleleri güwä geçýär.

Hakykatdan-da, Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan tanalmaz derejede özgerdi. Ýurdumyzda durmuş-syýasy ulgamda, ykdysadyýetde, bilimde, ylymda, sportda we diplomatiýada uly üstünlikler gazanyldy. Häzirki wagtda döwletimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özüniň beýik geljegini ynamly gurýar. Şäherdir obalarda gurlup ulanylmaga berilýän döwrebap binalar, ak mekdepler, çagalar baglary we zawod-fabrikler ýurdumyzyň ykdysady taýdan güýçli ösýändigini äşgär edýär. 

Garaşsyz Türkmenistan halkara giňişliginde parahatçylyk söýüji, dostlukly we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanalýar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi hem hut Garaşsyzlygymyzyň beren miwesidir. Garaşsyzlyk we Bitaraplyk halkymyzy beýik maksatlara tarap alyp barýan goşa ganatdyr. Bu babatda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şeýle ajaýyp jümlesi bar: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da pugtalandyryp, ýurdumyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barýarys. Şoňa görä-de, ähli ösüşlerimiziň, üstünliklerimiziň hem-de abadançylygymyzyň gözbaşy bolan Garaşsyzlyk gününe beýik baýram hökmünde aýratyn sarpa goýýarys». Hawa, Garaşsyzlygyna, hemişelik Bitaraplygyna buýsanýan türkmen halky bu günki gün dünýä ýüzünde tanalýar. Taryhy geçmişi, şu güni, geljegi bilen ýaşaýan halkymyz ynsanperwer, watansöýüjilik syýasatyny agzybirlik bilen Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna jem bolup alyp barýar. Munuň özi parahat durmuşda ýaşamagyň, dünýä döwletleri bilen ysnyşykly gatnaşyklary saklamagyň kepilidir.

Bu günki gün ajaýyp zamanamyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna uludan taýýarlyk görülýär. Türkmen hususyýetçileri bu ajaýyp baýramy zähmet üstünlikleri bilen garşy almagy maksat edinip, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda, eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmakda yhlasyny gaýgyrmaýan türkmen telekeçileri ajaýyp baýrama özleriniň ýeňişli gadamlary, uly üstünlikleri bilen barýarlar. 

Baky bagtyýarlygymyzyň özenini düzýän mukaddes Garaşsyzlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy gorap saklaýan, türkmen halkynyň bolelin durmuşda, parahat asmanyň astynda ýaşamaga, yhlasly zähmet çekmäge, döwrebap bilim almaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik başlangyçlary hemişe rowaç bolsun!

Gözel GURBANOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň jogapkär işgäri.