Mundan 35ýyla golaý wagt ozal–1991-nji ýylyň altyn güýzünde türkmen halkynyň ykbaly Arşa göterilip, depesinde bagt guşy erkana ganat ýaýdy. Ata Watanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny gazanmagy bilen halkymyzyň asyrlar boýy eden arzuwy hasyl bolup, bagtyýar, erkana, eşretli durmuşyň gujagyna doldy. Muny türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň Garaşsyz döwlet baradaky arzuwlary bu gün doly hasyl boldy. Bize pederlerimiziň belent hem-de asylly arzuwlary hakykata öwrülen parahat, asuda, berkarar ýurtda ýaşamak we döretmek bagty miýesser etdi» diýen sözleri hem aýdyň tassyklaýar.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew baty at-myradyň mekany» ýyly mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň uly toý-baýramlara beslenýän- digi bilen ýurdumyzyň, halkymyzyň taryhynda aýratyn uly ähmiýete eýe bolar. Şol şöhratly ýyllaryň dowamynda bolsa ata Watanymyz dünýäniň hemme taraplaýyn ösýän, kuwwatly döwletleriniň hatarynda ymykly orun aldy. Daşary ýurtlar bilen dost-doganlyga, ynanyşmaga esaslanýan özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary belent derejelere göterildi. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen şol gatnaşyklaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da pugtalanýandygyny bellemek bolsa aýratyn ýakymlydyr.
Garaşsyzlygymyzyň şanly senesiniň öňüsyrasynda paýtagtymyzda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazyljak wakadyr. Ählihalk forumynda ýerine ýetirilen işlere seljerme berlip, öňde durýan möhüm wezipeler, wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Onda kabul ediljek çözgütler bolsa Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgeleriniň rowaçlanýandygyny nobatdaky gezek görkezer. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz 15-nji iýulda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde: «Biz ýurdumyzyň Garaşsyzlyk toýunyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçireris. Mejlisde Garaşsyz döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemini jemläris. Döwrüň talaplaryndan ugur alyp, öňümizde durýan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşarys» diýmek bilen, ählihalk forumyna taýýarlyk görülýän döwürde amala aşyrylmaly çäreler dogrusynda jikme-jik durup geçdi.
Garaşsyzlyk - halkymyzyň baky bagtynyň gözbaşy. Her ýylda Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobat- daky mejlisi bolsa halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň, bagtyýarlygynyň aýdyň güwäsidir.
Şemşat BAÝRAMGELDIÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Umumy bölüminiň müdiri.