Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli buýsanjymyz bolan behişdi bedewlerimiziň at-abraýy dünýä dolýar. Ahalteke bedewleri ähli döwürlerde-de milli gymmatlygymyz, türkmen ojaklarynyň ýaraşygy, tutumly toýlaryň bezegi bolup gelipdir.
Berkarar Watanymyzyň atşynaslary tarapyndan bedewlerimiziň tohum arassalygyny gorap saklamak we baş sanyny yzygiderli artdyrmak, gamyş-gulak atlarymyzyň şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda atçylygy we atly sporty ösdürmek,
bu ugurda dünýä döwletleri bilen tejribe alyşmak, netijeli hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmek babatda zerur işler alnyp barylýar. Türkmen atşynaslygyny sungat derejesine ýetiren pederlerimiz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiz Ýer ýüzündäki tohum atlaryň iň naýbaşylarynyň biri hasaplanylýar.
Pederlerimiziň nesillere goýan mizemez mirasy, dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan türkmen bedewi özboluşlylygy, gözelligi, ynsana mahsus gylyk-häsiýeti we eýesine wepalylygy bilen tanalýar. Şoňa görä-de, ata Watanymyzda atçylygy, türkmen milli seýisçilik sungatyny, atly sporty halkara derejede ösdürmek, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak ugrunda ähli şertler döredilýär. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň birnäçe gezek halkara sirk festiwallarynda baş hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy halkymyzyň bedew atlarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at- myradyň mekany» diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport boýunça guraljak çäreleriň Maksat- namasyna laýyklykda birnäçe çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäreler ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmaga uly itergi berer.
2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at- myradyň mekany» şygary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ösüşleriň ak ýol undan bedew bady bilen ynamly öňe barýandygyny älem-jahana ýaýýar. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçiriljek atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna ýurdumyzyň ýokary derejeli wekiliýetiniň gatnaşmagy bilen bagly çärelere taýýarlyk görmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi. Toparyň başlygy Gahryman Arkadagymyz bu ugurda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli gura maçylyk işlerini yzygiderli gözegçilikde saklap, bu barada gymmatly maslahatlaryny berýär. Golaýda Gahryman Arkadagymyz «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşyp, olaryň okuw-türgenleşikleri we durmuşy bilen içgin gyzyklandy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz toparyň agzalarynyň öňde boljak halkara ýaryşlarda şowly çykyş etmegine ak pata berdi. Bu bolsa atçylyk sportuna ykbalyny baglan ýaşlary täze belentliklere, beýik ýeňişlere ruhlandyrdy.
Duşuşygyň dowamynda Milli Liderimiz ýaşlaryň diňe bir türgenleşikleri däl, eýsem, okuwlary, durmuşy we ene atalarynyň ýagdaýy bilen hem içgin gyzyklandy. Bu bolsa ýurdumyzda ýaşlar, olaryň geljegi we hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň rowaçlanmagy ugrunda uly alada edilýändigini görkezýär. Gahryman Arkadagymyz toparyň her bir agzasy bilen içgin söhbetdeş boldy, olaryň geljekki maksatlary barada gyzyklandy. Munuň özi ýaşlaryň öňde boljak ahalteke atlarynyň ara synda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynda üstünlik gazanmaklary üçin Milli Liderimiziň ak patasy hökmünde kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, guramaçylyk döwlet toparynyň başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew döwlet toparynyň agzalary bilen bilelikde halkara çärelere ýokary derejede taýýarlyk görmek üçin Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde iş saparynda boldy. Bu ýerde halkymyzyň dünýä beren milli gymmatlyklarynyň naýbaşysy bolan ahalteke bedewleriniň halkara derejede geçirilýän bäsleşiklere gatnaşdyrylmagy we onuň çäklerinde guraljak çäreleriň guramaçylygy boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şundan ugur alsak, Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçiriljek çäreler halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen bedewlerimiziň at-owazasyny dünýä ýaýyp, Türkmenistan Watanymyzyň ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen barýandygynyň ýene bir aýdyň güwäsine öwrüler.
Setdar SETDAROW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy.