Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyz ösüşleriň aýdyň ýoly bilen belent sepgitlere tarap ynamly öňe barýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde amala aşyrylýan her bir beýik iş, durmuşa geçirilýän her bir taryhy özgertme halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Milli demokratiýanyň kämil nusgasyny dünýä görkezýän ata Watanymyzda halkyň saýlap alan ösüş ýoly döwlet syýasatynyň özenini düzýär. Ýakynda amala aşyrylan taryhy wakalar hem munuň aýdyň subutnamasy boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde 2026-njy ýylyň 15-nji iýulynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi döwletlilik ýörelgelerimiziň we milli demokratik gymmatlyklarymyzyň dabaralanmasyna öwrüldi. Şol taryhy mejlisde milli bähbitli we geljegi uly bolan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de döwletimiziň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna itergi berjek möhüm çözgütler kabul edildi. Mejlisiň barşynda "Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hakynda" kabul edilen taryhy Karar halkymyzyň agzybirligini, döwlet we jemgyýetçilik gurluşyny kämilleşdirmekdäki ynamly ädimlerini bütindünýä aýan etdi. Bu resminama we onda öňde goýlan wezipeler ýurdumyzyň geljekki ösüş ugurlaryny kesgitlemekde, halk häkimiýetliliginiň asylly däplerini täzeçil röwüşde baýlaşdyrmakda uly ähmiýete eýedir.
Şu taryhy resminamanyň mazmunyny, onda öňde goýlan belent maksatlara ýetmegiň ýollaryny giň halk köpçüligine yzygiderli ýetirmek hemişe möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Bu uly maksatdan ugur alnyp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komiteti tarapyndan jemgyýetçilik işjeňliginiň ýokary derejesini alnyp barylýar.
Wagyz-nesihat, maslahaty duşuşyklarynda şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň jemgyýetimize üçin ruhy we syýasy güýjüni aýratyn nygtalýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda döredilen döwletlilik nusgasynyň we milli demokratiýanyň adamlaryň bagtyýar geljegine hyzmat edýändigi hakyndaky pikirler çykyşlaryň özenini düzdi. Şeýle-de düşündiriş-wagyz işlerinde Hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän syýasy ugurlaryň Arkadag şäheriniň we bütin ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine goşýan goşandyny uly buýsanç bilen bellenilip, halkyň we döwletiň arasyndaky berk agzybirligi, amala aşyrylýan beýik özgertmelere bolan çäksiz ynamy ýene bir gezek aýdyň görkezýär.
Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň kabul eden taryhy Karary esasynda şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi mundan beýläk-de halkymyzy täze üstünliklere, Watanymyzy bolsa şanly sepgitlere tarap ynamly alyp barar.
Biz hem öz gezegimizde, halkymyz üçin abadan durmuşda giň mümkinçilikleri we amatly şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlary aýdýarys we olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň hemişe aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Bägül KULAMANOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.