Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň edara binasynda talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda «Döwletara gatnaşyklary täze belentliklere göterilýär» atly  wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanyljak şöhratly ýylymyzda bolup geçýän wakalaryň giň gerimlidigini bellemek has-da guwandyryjydyr. Häzirki zaman ählumumy özgerişler şertlerinde özboluşlylyk we däp bolan gymmatlyklar esasynda medeni köpdürlüligi gorap saklamak aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň esasyny Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerini düzýär. Döwletara parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek üçin giň gerimli işleriň  alnyp barylýandygy barada buýsanç bilen belläp geçdiler.

Wagyz-nesihat çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdile

TSTP