Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli senenamamyzda mynasyp orun alan, her ýylyň 3-nji iýunynda uly dabaralar bilen bellenilip geçilýän Bütindünýä welosiped güni ildeşlerimiziň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezmek bilen, raýdaşlyk ruhuny dabaralandyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, bu halkara baýram parahatçylygyň ilçisi, özara ynanyşmak we düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň nyşany hökmünde sporty giňden wagyz etmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.
Köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketi kuwwatly, jebisleşdiriji güýje eýe bolup, ilatyň beden we ruhy taýdan saglygyny pugtalandyrmaga ýardam berýär. Bu hereketiň çäklerinde dürli ýaşdaky we kärdäki adamlar umumy maksadyň daşynda birleşýärler. Şeýle çäreler jemgyýetde özara düşünişmegi we dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge, watansöýüjilik, jogapkärçilik ýaly häsiýetleri terbiýelemäge, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge, sport medeniýetini ösdürmäge, şeýle hem milli jebisligi berkitmäge ýardam berýär.
Halkymyzyň abadan durmuşy baradaky hemmetaraplaýyn alada Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Şunda ilatyň saglygyny goramaga, köpçülikleýin bedenterbiýe - sagaldyş hereketini ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge aýratyn üns berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ilatyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak ugrunda ýurdumyzda giň gerimli işler amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän hem-de dostlugyň, parahatçylygyň, sportuň we ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini rowaçlandyrýan, halklaryň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrýan döwlet syýasatynyň netijesinde, ýurdumyz halkara sport çäreleriniň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmegi, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, şeýle hem Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzda sporty ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işleriň halkara jemgyýetçiligiň ykrarnamasyna eýe bolýandygyny görkezýär.
Şoňa görä-de, her ýylda ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ençeme dabaralar geçirilip, şunda paýtagtymyzda guralýan köpçülikleýin welosipedli ýörişe uly orun degişlidir. Munuň özi welosportuň giňden wagyz edilmegine, jemgyýetde ekologik medeniýetiň ilerledilmegine, şol sanda sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýanlaryň sanynyň yzygiderli artmagyna ýardam edýär. Çünki welosipediň esasy ulag serişdesi hökmünde ulanylmagy daşky gurşawa kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmaga ýardam berýär. Bu bolsa, öz gezeginde, ekologik abadançylygy üpjün etmäge ýardam edýär.
Welosport fiziki işjeňligi arassa howada dynç almak bilen utgaşdyrmaga mümkinçilik berip, syýahatçylyk üçin täze gözýetimleri açýar. Sportuň bu görnüşi ähli ýaşdaky adamlar üçin elýeterlidir. Welosport bilen yzygiderli meşgullanmak ýürek we gan aýlanyş ulgamyny, bedeniň umumy çydamlylygyny berkitmäge ýardam berýär. Welosiped sporty hem-de welosipedli gezelençler maşgala ýa-da dostlar bolup dynç almak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlaryny häzirki döwrüň olimpiýa hereketini esaslandyryjy Pýer de Kuberteniň «Sporta waspnamasyndaky» meşhur sözleriniň aýdyň beýany hökmünde häsiýetlendirmek bolar. Bu senada parahatçylygyň, döredijiligiň, ösüşiň, şatlygyň we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň maksatlary, ýaşlygyň, ýeňşe bolan ymtylmanyň ruhy «Eý, sport! Sen — parahatçylyk!» diýen sözler bilen wasp edilýär. Olimpiýa oýunlarynyň «Bilelikde has çalt, has ýokary, has güýçli» diýen şygary sportuň adamlaryň arasynda raýdaşlygy, dostlugy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini tassyklaýar.
Şeýlelikde, ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň senenamasynda mynasyp orun alan Bütindünýä welosiped gününiň dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilmegi jemgyýetimizi umumy maksadyň daşynda jebisleşdirip, Türkmenistanyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdudygyny giň jahana äşgär edýär.
Setdar SETDAROW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy.