Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni toýdur-baýramlara beslenýär. Ýurdumyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden dabaralandyrylýan şanly sene - Türkmen halysynyň baýramy Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen ýokary derejede bellenilip geçilýär.
Türkmen halysy- türkmen halkynyň medeni gymmatlyklarynyň esaslarynyň biridir. Ussat türkmen halyçylary köp asyrlaryň dowamynda özboluşly halyçylygyň aýratynlyklaryny gorap saklapdyrlar. Bu senetçiligiň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizilendigi örän guwandyryjydyr.
Türkmen halysy Türkmen zenanlarymyzyň yhlasy, mähri siňen häzirki güne çenli hem dünýä halklaryny haýrana goýýan türkmeniň özboluşly, nepis sungatydyr. Türkmen halysy öz gözbaşyny ene topragyndan alyp gaýdýar, we ondaky keşdeler bolsa Türkmen tebigatyny, gülleri, haýwanlary, derýalary, daglary şeýle hem Güni we Aýy şöhlelendirýär. Türkmen halysy biziň milliligimizdir, milli gymmatlygymyzdyr. Türkmen halysy özüne mahsus bolan ruhy medeniýeti we nepisligi özünde jemleýän sungat eseridir.
Geliň-gyzlarymyzyň el işleriniň biri bolan türkmen halylary, ýekeje çitimden başlanyp döreýän gudratdyr, ol halkymyzyň milli gymmatlyklaryny, türkmeni dünýä tanadan ajaýyp sungatdyr. Gahryman Arkadagymyzyň haly sungatyna bagyşlan «Arşyň nepisligi» atly ajaýyp eserinde: «Haly – halkymyzyň gadymy hem müdimi sungatydyr. Gözelligi, nepisligi, öwşün atýan reňkleri bilen göreni haýrana goýýan halylar halkymyzyň ruhy ahwalydyr» diýip belleýşi ýaly, zenan kalbynyň näzikliginden, duýgurlygyndan, umyt-arzuwlaryndan döreýän älemgoşar öwüşginli türkmen halysyna taý geljek gözellik dünýäde ýok bolsa gerek. Halylarymyzyň türkmen tebigatynyň ösümliklerinden alnan, tebigy boýaglara boýalan ýüňlerden hem ýüpeklerden dokalmagy olaryň milli öwüşginini has-da artdyrýar. Iň nepis hem owadan halylaryň Türkmenistanda, türkmen zenanlary tarapyndan dokalandygy barada taryhy maglumatlarda hem aýdylyp geçilýär. Muňa mysal edip, XIII-nji asyrda italýan syýasatçysy Marko Polonyň türkmen topragynda syýahatda bolanynda «Bu ýerde iň gözel halylar dokalýar» diýip bellemegi, ýöne ýerden däldir.
Türkmen halylarynyň ajaýyp gölleriniň ýurdumyzyň esasy döwlet nyşanlarynyň – baýdagymyzyň we Tugramyzyň baş bezeglerini bellemek gerek. Munuň özi halkymyzyň şöhratly pederlerimiziň wesýetlerine wepalylygynyň, ajaýyp däplere we milletiň özboluşly dünýägaraýşyna ygrarlydygynyň beýany bolup durýar. «Haly türkmeniň kalbydyr» diýilmegi ýöne ýerden däldir.
Ene-mamalarymyzyň türkmen halysynyň asyrlary aşýan kämil nusgalaryny döredipdirler. Şeýle ajaýyp haly sungatyna hem-de ol gudraty döreden halyçy ene-mamalarymyza aýratyn hormat-sarpa goýýan Arkadagly Gahryman Serdarymyz elmydama türkmen halylaryny öwrenmek, milli mirasymyz hökmünde gorap saklamak, gadymy hem müdimi senedimizi ýaşlara miras goýmak barada yzygiderli nygtaýar. Gahryman Arkadagymyz «Paýhas çeşmesi» atly eserinde «Gözelligi, nepisligi, öwşün atýan reňkleri bilen göreni haýrana goýýan halylar halkymyzyň ruhy ahwalydyr» diýip belleýär. Türkmen halkynyň durmuşyny halysyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Türkmen halkynyň kalbyny ýyladýan halylar biziň döwletli ojaklarymyzy, köşk-eýwanlarymyzy bezeýär. Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, bu gün türkmen halylarynyň şöhraty dünýä doly. Türkmen halylary indi dünýäniň islendik ýurdunda tanalýar.
Türkmen halylary dünýäde ägirt uly çeperçilik gymmaty we nepisligi bilen hemişe ýokary baha mynasyp bolýar. Bu halylaryň gadymy nusgalary dünýäniň köp ýurtlarynyň muzeýleriniň, sergi zallarynyň, çeperçilik edaralarynyň bahasyz gymmatlyklary hasaplanýar. Asyrlarynyň we müňýyllyklarynyň jümmüşinden gözbaş alan bu ajaýyp sungat häzirki döwürde hem abraýyny saklaýar.
Bu gün dünýäde deňsiz taýsyz sungat eseri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyndan mynasyp orun alan türkmen halysy ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girmegi bolsa, onuň halkara derejedäki hormatyny we sylagyna ýene-de bir gezek bütindünýä aýan etdi.
Türkmen haly sungaty dünýä meşhurlygyny gazanmakda giň mümkinçilikleri döreden, gadymy hem müdimi senedimiz bolan ajaýyp halylarymyza goýýan belent sarpasy üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlarymyz çäksizdir. Her bir işde nusga bolup, halkymyzy şeýle eşretli günlere getiren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Täzegül HUDAÝGULYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň hasabatçysy.