«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha artýar. Bu ösüşiň esasy hereketlendiriji güýçleriniň biri hökmünde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ýerine ýetirýän işleri, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän önümçilikleri we innowasion taslamalary çykyş edýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dowam etdirilýän özgertmeleriň rowaçlanýandygynyň aýdyň nyşanydyr.
Häzirki wagtda türkmen telekeçileri diňe bir oba hojalyk we azyk senagaty pudagynda däl, eýsem, gurluşyk, ýokary tehnologiýalar, logistika we gaýtadan işleýän senagat pudaklarynda hem uly üstünlikleri gazanýarlar. Hususan-da, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, gaplamak we olary daşary ýurt bazarlaryna eksport etmek boýunça «Agro Pack Turkmenistan» ýaly halkara sergilerde görkezilýän mümkinçilikler ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Ýerli senagatçylaryň we telekeçileriň önümleriniň daşary ýurt harytlaryndan yza galman, tersine ýokary hili we amatly bahasy bilen tapawutlanmagy importy çalyşýan önümçiligiň ösýändigini we milli ykdysadyýetiň özbaşdaklygynyň berkidilýändigini aňladýar. Bu babatda ýakynda paýtagtymyzyň ýokary derejede bellenilen 145 ýyllyk ýubileýi mynasybetli guralan «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergisi hem-de maslahaty hem netijeli meýdança boldy. Bu giň gerimli forum diňe bir paýtagtymyzyň gözelligini däl, eýsem, şäher gurluşygynyň innowasion usullaryny we hususy pudagyň bu ugra işjeň gatnaşygyny äşgär etdi. Forumyň çäklerinde telekeçiler özleriniň şäher hojalygy, ekologiýa, sanly ulgam we hyzmatlar pudagyndaky täze taslamalaryny tanyşdyrdylar.
Forumyň dowamynda hususy kärhanalaryň şäher durmuşynda energiýany tygşytlaýan we daşky gurşawa zyýansyz önümçilikleri ornaşdyrmak bilen bagly «ýaşyl» tehnologiýalary, şäher infrastrukturasyny dolandyrmakda programma üpjünçiligini we awtomatlaşdyrylan ulgamlary ulanmaga niýetlenen sanly çözgütleri, paýtagtymyzyň binagärlik keşbini baýlaşdyrýan, milli äheňler bilen dünýä ülňülerini utgaşdyrýan täze binalary gurmak boýunça taslamalary tanyşdyryldy. Bu ugurdaky täzeçillikler telekeçileriň döwlet bilen bir bitewi maksada — ösen we tehnologik şäher gurmak ugrunda sazlaşykly iş alyp barýandygyny görkezýär.
Telekeçileriň mümkinçilikleriniň artmagy, iş orunlarynyň köpelmegine we ýaşlaryň işewürlige bolan höwesiniň ýokarlanmagyna getirýär. Häzirki wagtda «ýaşyl» ykdysadyýet ýörelgelerini, ekologiýa babatda jogapkärli işewürligi öňe sürýän ýaş telekeçiler geljekde Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň berkemegine uly goşant goşýarlar. Forumyň çäginde geçirilen duşuşyklar, baglaşylan şertnamalar we tejribe alyşmalar, kiçi we orta telekeçiligiň halkara derejesine çykmagyna ýardam berýär. Bu bolsa, öz gezeginde, ýurdumyzyň dünýä bazaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar.
«Ak şäherim Aşgabat» köpugurly halkara sergisi hem-de maslahaty we onda tanyşdyrylan hususy pudagyň taslamalary — bu diňe bir işewürlik däl, eýsem, ýurdumyzyň abadançylygyna gönükdirilen umumy işdir. Türkmen telekeçileri özleriniň yhlasy, innowasion pikirlenişleri we milli ösüşe bolan ygrarlylyklary bilen döwletimiziň ykdysadyýetiniň has hem kuwwatlanmagyna uly goşant goşýarlar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda gazanylýan bu üstünlikler ata Watanymyzyň röwşen geljegine ynamymyzy has-da artdyrýar.
Aşgabady Aziýanyň merjenine öwren, türkmen halkyny baky bagtyýarlyga ýetiren, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Şemşat BAÝRAMGELDIÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Umumy bölüminiň müdiri.