«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen buýsançly şygar astynda geçen 2025-nji ýyl ähli ugurlar bilen bir hatarda, telekeçilik üçin hem ösüş-özgerişleriň belent sepgitleriň, innowasion ösüşleriň, täzeçillikleriň ýyly boldy. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän ýeňillikleri, goldaw-hemaýatlary netijesinde hususy pudagy döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmek, işewürligiň gerimini giňeldip, eksport ugurly önümçilikleri artdyrmak babatda möhüm ädimler ädildi.
2025-nji ýylda türkmen telekeçileri iri senagat desgalaryny, döwrebap binalary we ýaşaýyş jaýlaryny gurup, innowasion kärhanalary işe girizip, mümkinçiliklerini we gazanan tejribelerini subut etdiler. «Eziz doganlar» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary tarapyndan Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň, «Gündogdy» hususy kärhanasy tarapyndan Balkanabat Halkara howa menziliniň, «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň, «Röwşen» hususy kärhanasy tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň, umumy ýaşaýyş jaýynyň, sport desgasynyň hem-de aýlawly ýoluň ugrundaky «Täze kuwwat» binasynyň, «Rysgally zähmet» hususy kärhanasy tarapyndan paýtagtymyzyň demirgazygyndaky senagat toplumynyň çäginde çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň, «Aga gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň «Altyn halka» döwlet kärhanasynyň maldarçylyk toplumynyň gurluşyklary alnyp baryldy. Türkmen işewürleri geçen ýylda açylan Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky Döwletli mekan, Kaka etrabyndaky Bagtly zamana obalarynyň, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndaky Bitaraplyk şäherçesiniň, şeýle-de Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň, ýurdumyzyň dürli künjeginde alnyp barlan medeni-durmuş, saglyk we önümçilik maksatly binalaryň, ýoldur köprüleriň, seýilgähleriň, agyz suwuny arassalaýjy desgalaryň gurluşyklaryna işjeň gatnaşdylar. Ýylyň tamamlanyp barýan günlerinde «Gül zaman» hojalyk jemgyýetiniň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde bina edilen arassalanan agyz suwuny öndürýän täze kärhanasynyň, Mary welaýatynyň Mary etrabynda «Eziz dag» hojalyk jemgyýetiniň, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda «Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň gök önümleri ýetişdirýän döwrebap ýyladyşhanalarynyň açylmagy hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna ajaýyp sowgat boldy.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary dürli görnüşli azyk önümleriniň daşary ýurtlardan getirilýän ugurdaş önümlere hil taýdan-da, tagam babatda-da, harytlyk görnüşi bilen-de bäsleşmäge ukyplydygyny görkezdiler. Täze önümçilikleriň ýola goýulmagy bilen, ak bazarlarymyz, söwda merkezlerimiz harytlara bol bolup, halkymyz üçin täze iş orunlary döredildi. Hususyýetçilerimiziň öndürýän önümleriniň aglabasynyň daşary ýurtlara eksport edilmegi olaryň halkara hil standartlaryna doly laýyk gelýändigini, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplydygyny alamatlandyrýar. Munuň özi türkmen telekeçileriniň dünýä tejribesini öwrenip, iri taslamalary durmuşa geçirmekleri, eksporta gönükdirilen önümçilikleri artdyryp, dünýä bazarynda mynasyp orun almaklary ugrunda hormatly Prezidentimiz we Milli Liderimiz tarapyndan edilýän taýsyz tagallalaryň, döredilýän giň mümkinçilikleriň, alnyp barylýan beýik işleriň netijesidir. Bu hususyýetçilerimiziň milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda, esasan-da, oba hojalygynda, gurluşykda, senagatda, söwda we hyzmatlar ulgamynda, ulag we logistikada, syýahatçylykda, sanly tehnologiýalaryň önümçiliginde oňyn netijeleri gazanyp, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň öňküden-de gowulandyrylmagyna mynasyp goşant goşýandyklarynyň nyşanydyr.
2025-nji ýylda gazanylan üstünlikler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem türkmen telekeçilerini belent sepgitlere ruhlandyrýar. Döwletimiz tarapyndan hususy pudagy ösdürmek boýunça işler mundan beýläk-de dowam etdiriler. 23-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiziň tassyklan «2026-njy ýyl üçin durmuş-ykdysady ösüş we maýa goýum Maksatnamasynda» hem kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin amatly işewürlik gurşawyny döretmek, döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek we innowasion önümçilikleri işjeňleşdirmek ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenilýär.
Türkmen telekeçileri hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň bimöçber aladalaryna, döredýän giň mümkinçiliklerine täze tehnologiýalara esaslanýan döwrebap önümçilikleri, düýpli gurluşyklary, ýokary derejeli hyzmatlary bilen jogap berýärler.
Eziz Diýarymyzy dost-doganlygyň, gülläp ösüşleriň, abadan hem bagtyýar durmuşyň mekanyna öwürmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys, goý Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Serdar PAŞIKOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.